Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdydyr. Ahalteke bedewleri özleriniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir türkmen halkynyň dälde umumyadamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary-şöhratly “Nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasyna öwrüldi.
Her bir taryhy döwürde halkyň, zamananyň ruhuny, gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri doly derejede äşgär edýän mukaddeslik bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri iň gowy arzuw-hyýallary, belent ýörelgeleri özünde jemleýän mukaddeslik bedew at hasaplanylýar. Gadymy ýyl ýazgylary we köp sanly ylmy çeşmeler Türkmenistanyň çäginde ýerleşendigine şaýatlyk edýär.
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň bezegine öwrüldi. Bedewleriň gözelligi we çeýeligi hem-de çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda hemişe ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar diňe bir atçylyk sungatynyň ähli çylşyrymly tilsimlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmän, adam bilen bedewiň ajaýyp sazlaşygyny görkezýärler, bu ýagdaý diňe birek-birek bilen sulhuň alşanda şeýle bolýar.
Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bedewleriň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmen halkynyň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär. Çünki şöhratly atşynaslar, zehinli seýisler ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, adamlar bilen utgaşykly ösüşini kemala getirmegi başarypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri sungat derejesine göterilipdir.
Köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş... Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele,dor,gara,gyr...reňkli ýukajyk derisi... Şalara mynasyp, sürmeli,elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler... Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary,gujurlylygyň nyşany guýruk.. Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy behişdi Ahalteke bedewlerine degişlidir.
Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylan ahalteke bedewleriniň şöhraty biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Antik döwrüniň awtorlary hem türkmen bedewlerine biparh garap bilmändirler. Olar ahalteke bedewlerini “Nusaý atlary” diýip atlandyrypdyrlar. Bu at şol döwürde örän kuwwatly bolan Parfiýa döwletiniň patyşa kabulhanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nusaý şäheriniň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirip kemala getirdiler. Ady rowaýat öwrülen Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.
Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Ata-babalarymyz şatlykly güninde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. “Asman aty” hasaplanan ahalteke bedewleriniň şöhraty bilen baglanyşykly wakalar XX asyrda hem bolup geçýär. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişidir. Olar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp belent nusgasyny görkezdiler. Şonuň 225 mil aralygyny Garagumyň suwsuz çöllüginden 3 günde geçmegi başarypdyrlar.
Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitaby hem deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Ýola goýulan asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öň ýanynda ýurdumyzyň tohum atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.