ADY ÄLEME DOLAN BEDEWLER

Türkmen ahalteke bedewleri öz taryhy gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot türkmen ahalteke bedewleri hakynda şeýle ajaýyp sözleri ýazypdyr: ‹‹Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun başlaryny buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar››. Täze eýýamyň başynda gadymy meşhur grek geografy we taryhçysy Strabon: ‹‹Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler›› diýip tassyklaýar. Parfiýalylaryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär. Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwalgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapylypdyr. Atlary demir sowut bilen örtmek usuly gaýduwsyzlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde älem jahana  ýaýrapdyr. Ganatly bedew, behişdi bedew, daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew – bular Hytaýyň we Hindistanyň, Müsüriň, Wawilonyň, Gresiýanyň hem-de Rimiň gadymy rowaýatlarynda-da, ertekilerinde-de gudratly bedew hakdaky meňzetmeleriň hemmesi däldir. Bu halklaryň köpüsi üçin bedew atlar arzyly olja we gymmat baha sowgat bolupdyr. Atyň watanyny kesgitlemekde alymlary näme howsala saldyka? Megerem, olary atlaryň bu görnüşiniň dürli asyrlara we müňýyllyklaryň degişlidigine hem-de biri-birinden juda alyslarda we müňýyllyklara ýaşandygyna garamazdan, ählisiniň meňzeş beden gurluşlary haýran galdyran bolsa gerek. Goý, ol Altaý depeleriniň müdimi doňaklyklarynda gowy saklanan, ähli şaý-esbaplary bolan söweşjeň atyň galyndysy bolsun, ýa bolmasa-da Müsür şalarynyň araba goşulan atlarynyň şekili bolsun, tapawudy ýok, olaryň ählisiniň ahalteke bedewlerine mahsus gurluşy, ýagny guraksy sazlaşykly beden gurluşy, belent gerşi, inçe aýaklary, gyzgyn hyjuwy, gowy gyrkylan ýallary bar.

Biziň eýýamymyzdan öňki XIV asyrda Hett şalygynda atlary seýislemek hakyndaky meşhur traktat peýda bolýar, onuň manysy diňe XX asyryň başynda aýdyňlaşdyrylýar. Atşynaslaryň inkär etmekliklerine görä-de, ol ahalteke bedewlerini seýislemekde türkmenleriň giňden ulanan tärlerini jikme-jik gaýtalaýar. Ýeri gelende aýtsak, ençeme alymlar bedew atlary seýislemegiň Hettlerde we has soňra ýaşap geçen türkmenlerde doly derejede birmeňzeşdigine ünsi çekýärler. Alymlar henize-bu güne çenli yssydan goranmak üçin çopanlaryň geýýän bagana telpeginiň meşhur Orhon-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Şol çapyksuwarlaryň çapyp barýan atlarynyň keşbi hem ahalteke bedewleriniň keşbi bilen bir almany ikä bölen ýaly meňzeş bolup, guwuňky ýaly uzyn boýunlary, gelşikli kelleleri, syrdam aýaklary bar. 

Türkmen halkynyň milli buýsançlarynyň biri-de ahalteke bedewleri hasaplanyp olar gözelligiň mizemez nusgasy, baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr. Türkmen bedewi-milli gymmatlyklaryň naýbaşysydyr. Ahalteke bedewiniň gözelligi türkmeniň owadan daglarynyň, gün öwüşginli sähralarynyň, bal suwly çeşme-çaýlarynyň reňkinden röwüş alypdyr. Ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot-iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot-iým iýen mahaly atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar. Türkmen halky öz durmuşyny hiç wagt bedew atsyz göz öňüne getirmändir hem-de ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eserleri döretmeklik mümkindir. Gadymy türkmen topragyna ahalteke bedewleriniň taryhy watanyna täze döwürde gelen behişdi bedewlere bolan görlüp eşidilmedik gyzyklanma hem täze güýç bilen galkyndy. Toýdur-baýramlarda, dabaraly ýagdaýda toý tutulyp, at çapypdyrlar. Watanyň üstüne howp abananda hem gerçek goç ýigitler özüniň bedew atlaryna atlanyp, darkaş gurapdyrlar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda olar bedew atlaryny özlerine gardaş hasaplapdyrlar.

Ahalteke bedewleriniň waspy türkmen edebiýatynda hem giňden beýan edilipdir. Nusgawy şahyrlarymyz bedew atlarymyzy ussatlyk bilen taryplapdyrlar. Dal bedewlerimizi taryp etmek üçin bolsa meňzetmeleri, deňeşdirmeleri örän ýerlikli ulanmagy başarypdyrlar. ‹‹Gorkut ata››, ‹‹Görogly›› ýaly dessanlar, nusgawy şahyrlarymyzdan Seýdiniň ‹‹Üsti bedewiň››, Magrupynyň ‹‹Ýigide gaýratdyr bedew››, Mollanepesiň ‹‹Bedew›› atly goşgularynyň üsti bilen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetiripdirler. Magtymguly Pyragynyň ‹‹Aty gerek›› atly goşgusynda: ‹‹At gazanar goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek...›› diýip, goç ýigitleri bedew atsyz göz öňüne getirip bilmändir. ‹‹Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman››, ‹‹Çyn bedewler meýdanynda bellidir››, ‹‹Aty gerekdir mertleriň, Eýse ady ýok gurtlaryň›› ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär. Halkymyzyň ‹‹At-myrat››, ‹‹At agynan ýerde toý bolar›› diýen nakyllary synmaz ynama öwrülipdir.

Türkmen atşynaslygy özge hiç bir halkyňka meňzemeýän kämil, dünýä derejesindäki özboluşly bir sungatdyr. Seýisçilik, atşynaslyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem biziň ata-babalarymyz atlary köpeltmegiň, seýislemegiň, özboluşly inçeligini yhlas bilen öwrenip, ony nesilden-nesle geçiripdirler. Türkmen seýisleriniň uzak asyrlarynyň dowamynda sünnäläp, häzirki güne alyp gelen milli ýol-ýörelgeleri gadymy eserlerimizde, golýazma çeşmelerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Seýisçilik sungaty halkymyzyň köp öwüşginli ruhy däplerine ornaşypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we ony terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. 2008-nji ýylda ‹‹Türkmen atlary›› döwlet birleşigi döredildi. Gahryman Arkadygymyzyň tagallasy 2009-njy ýyldan bäri bedew atlaryň  ‹‹Gözellik bäsleşigi›› geçirilýär.

Türkmenistan tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi bolsa hut öz gezeginde pajarlap ösüp barýan gözel ýurdumyzyň ösüşini has hem belende galdyrar. Bu amala aşyrylýan işler Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladalarynyň netijesidir.

 

Yhlas ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Meňzeş habarlar