2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli “Milli mirasymyzy goramak babatynda ýaşlaryň orny” atly göni wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen okuw sapagy türkmen ýaşlary üçin täsirli we baý mazmuna beslenip geçirildi.
Okuw sapagynyň 1-nji böleginde “Parahatçylyk dilleri” atly Ýunesko Kluby “Milli mirasymyzy goramakda türkmen ýaşlarynyň orny” atly tema bilen çykyş edip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň mazmuny ýaşlaryň milli mirasymyzy goramakda, ony aýawly saklamakda we dünýä dillerinde wagyz etmeginde gymmatly ýan kitabydygyny, şonuň ýaly-da Türmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk tejribesinde ýaşlary milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekde we sowatlylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitleri dogrusynda, hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän taýsyz tagallalarynyň talyplaryň Watana bolan buýsanjynyň artmagyndaky, milli aňyýetiň has-da ösdürilmegindäki ähmiýetini giňişleýin beýan etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty komitetiniň wekilleriniň gatnaşyp, talyp ýaşlaryna milli mirasymyzy goramagyň türkmen halkynyň müdimiliginde we at-abraýynyň dünýä dolmagynda ähmiýetiniň uludygyny giňişleýin wagyz etdiler.
Okuw sapagynyň 2-nji böleginde “Medeni miras: geçmişden geljege” atly Ýunesko Kafedrasy “Milli miras ýaş nesli terbiýelemegiň görelde mekdebidir” atly tema bilen çykyş edip, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamagyň mysalynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, maşgalada ýaş nesli terbiýelemegiň milli däp-dessurlary, maşgala ojagy – ene mukaddesliginiň mekdebidir, maşgalada ýerine ýetirilýän däp-dessurlar, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda ýaşlaryň orny barada beýan etdiler.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň Watanymyza bolan buýsançlaryny artdyrýan, milli mirasymyza sarpasyny beýgeldýän, ony gorap saklamaga we dikeltmäge ylham, güýç berýän okuw sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylaryň adyndan Alym Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýaşlar üçin edýän taýsyz tagallalaryna hoşallyklaryny bildirdiler.