Gahryman Arkadagymyz «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp kitabynda: «Taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri, heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» atly we beýleki kitaplaryny türkmen halkyna bagyş etmegi ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has hem ýokary göterýär. Bu kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, alym-atşynaslar üçin gymmatly çeşmä öwrüldi.
Dünýäde «nusaý atlary», «behişdi bedewler», «asman atlary» diýlip atlandyrylýan ahalteke bedewleriniň uzyn gelşikli boýny, beýgerip duran gerşi onuň görk-görmegine has-da owadanlyk çaýýar. Gadymy grek taryhçysy Gerodot, rim taryhçysy Appian özleriniň işlerinde Gündogar Nusaý atly ýurtda ajaýyp, gözel atlaryň gezýändigini belläpdirler. Professor, arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň tapyndylary ahalteke bedewleriniň biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllygyň birinji ýarymynda ilkinji türkmenlerde eldekileşdirilendigini habar berýär. Bu maglumatlar ahalteke atlarynyň taryhynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Orta asyrlaryň Al-Makdisi, Al-Istahri, Muhammet Isfizary ýaly jahankeşdeleri öz işlerinde türkmen bedewlerini «uçmahy bedewler», «ganatly bedewler» ýaly aňlatmalar bilen wasp edip, dünýäniň hiç ýerinde şeýle owadan hem ýyndam bedewleri görmändiklerini ýazýarlar. Italiýan syýahatçysy Marko Polo: « ...türkmeniň atlary asylly, oňat we ýyndam bolýarlar» diýip, ahalteke atlarynyň özboluşly häsiýetleri barada belläp geçipdir. XIX asyr iňlis syýahatçysy J.Frezer bolsa: «Olaryň at seýisleýiş tärleri çapuw atlaryny däl-de, bizde söweşijileriň ýa-da daga dyrmaşyjylaryň türgenleşdirilişine meňzeş» diýip belleýär.
Türkmenistanyň Merkezi Döwlet Arhiwiniň at sergilerinde türkmen atlaryny gören atşynaslaryň bedewlerimize beren bahasy baradaky maglumatlary saklaýan resminamalar has hem gyzyklydyr. 1900-njy ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda geçirilen tohum atlaryň sergisinde sylaga mynasyp bolan 14 atyň 8-i Zakaspi Oblast döwlet athanasynda ösdürilip ýetişdirilen bedewlerdi. 1909-njy ýylda Daşkentde geçirilen sergide ahalteke aty ilkinji gezek görkezilip, hemmäni haýrana goýýar we ýokary sylaglara mynasyp bolýar. Ahalteke bedewi özüniň çydamlylygy bilen hem tapawutlanýar. 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa atly ýörişi geçirilip, şol ýörişde ahalteke bedewleri 4300 kilometri 84 günde geçip, örän çydamlylygyň aýdyň subutnamasyny görkezdiler.
Türkmen seýisleri atlaryny seýislände dürli saz gurallarynyň kömegi bilen atlarynda üýtgeşik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp bilipdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda marşal G.Žukowyň Ýeňiş paradyny ap-ak Arap atly ahalteke atynda kabul etmegi bilen bagly wakalar beýan edilýär. Özüniň üýtgeşik eşidiş ukyby, saz üşügi bilen bu ahalteke bedewi Ýeňiş paradynda hemmäniň ünsüni özüne çekipdir. Meşhur Arabyň neslinden bolan Absent atly ahalteke bedewi Rimde (1960), Tokioda (1964), Mehikoda (1968) geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde ýeňiji bolup, 12 ýylyň dowamynda Olimpiýa birinjiligini saklapdyr. Köp çapyşyklaryň we sergileriň ýeňijisi, şekili Döwlet Tugrasynda ýerleşdirilen Ýanardag 1999-njy ýylda Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä ahalteke atlarynyň sergisinde dünýäniň çempiony diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň göz-guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem dünýä derejesinde halkara sergilerine, ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Muňa mysal edip, 2013-nji ýylda Germaniýanyň Essen şäherinde geçirilen «Ekwitana-2013» atly Halkara atçylyk sergisini, Belgiýa Patyşalygynyň Gent şäherinde atçylyk pudagyna bagyşlanylyp geçirilen Halkara sergini, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada «IDOL» sirk sungaty boýunça geçirilen dabarany bellemek bolar.
2010-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Türkmenistanyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek barada halkara maslahatyny geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti Karar kabul etdi. Halkara maslahat 2010-njy ýylyň 14-15-nji awgustynda geçirilip, halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem halkara derejesinde arassa ganly ahalteke tohum atlarynyň seçgi tohumçylyk işlerinde ahalteke bedewlerine mahsus bolan tohum aýratynlyklaryny gorap saklamak hem-de kämilleşdirmek işini hil taýdan täze derejelere çykarmak maksady bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi we onuň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşdirildi.
Ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky alnyp barylýan işleri hukuk taýdan berkitmek maksady bilen 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 8 bap, 51 maddadan ybarat bolup, bu kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlaryň ösdürip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Ahalteke bedewleriniň at-owazasyny ýurtda we dünýä boýunça ýaýmak wezipesini hukuk taýdan berkitmäge hem uly üns berildi. Salgylanylýan Kanunyň 47-nji maddasy: «Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy – esasy maksady ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmek, genofondy gorap saklamak we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny köpeltmek bolup durýan halkara jemgyýetçilik guramasydyr» görnüşinde beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan Nusaý galasynyň ýanynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berilmegi türkmen bedewlerine bolan belent sarpasynyň täze sahypasyny açdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi atlarymyzyň deňsiz-taýsyzdygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini subut etdi. Bu bedew iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, ozalky netijäni iki esse gowulandyrdy.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen ýubileý ýörişde hem behişdi bedewler özleriniň gözelligini hem başarjaňlygyny görkezdiler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, çydamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy atşynaslaryň we halk seçgiçleriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir.
Döwlet MYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.