ATYM UÇAR GANATYM

Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmändir. Türkmen şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp darkaş gurapdyr. Türkmen halkynyň ýiti zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Gyz gylykly türkmen atlarynyň aýratynlyklary barada taryh sahypalarynda hem köp sanly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Muňa mysal hökmünde gadymy heýkeltaraşlyk sungatynyň önümi bolan arheologik tapyndylary, Nusaýdaky, Goňurdepedäki diwar ýüzüne çekilen suratlary ýatlamak hem ýeterlikdir. Ýelden ýüwrük bedewleriň waspyna dünýä alymlarydyr şahyrlarynyň döredijiliginde hem duş gelmek bolýar. Miladydan öňki VI asyrda Isgender Zülkerneýin Orta Aziýa ýörişiniň dowamynda şeýle ýazgylary galdyrypdyr: “Bu halkyňky ýaly ýüwrük, çydamly, älemgoşar öwüşginli, daň şapagyny ýada salyp duran owadan reňkli atlar dünýäniň başga hiç bir künjeginde ýokdur”. Onuň ýatlamalarynyň  bir ýerinde ahalteke bedewlerini “ganatly bedewler”, ”asmany atlar” ýaly buýsançlydan-buýsançly sözler bilen taryplaýar. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Ýola goýulan asylly däbe görä,bu ajaýyp baýramyň öňýanynda ýurdumyzda tohum atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ýyndam çapuw atlaryny ýene-de kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Şeýle hem her ýyl Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp ýurdumyzda behişdi bedewleriň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini iň gowy we täsirli beýan etmekde birnäçe döredijilik bäsleşikleri, sergileri, uly baýramçylyk atçapyşyklary guralýar.

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýär.

Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işleriň-de birnäçesi  durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atly sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, şeýle-de bedewleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda saklanylmagy babatynda zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Ahalteke bedewleri seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri hem dowam edýär.

Hawa, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewlerini kemala  getirmekleri bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Pederlerimiz ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir taýsyz gözel, behişdi bedew aty kemala getirmän, eýsem olarda ynamdar dost, wepalylyk, namyslylyk, mertlik ýaly häsiýetleri-de terbiýelemegi başarypdyrlar.

Halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlerimize bolan söýgüsini artdyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işleri has-da rowaçlyklara beslensin.

 

Suraý ROZYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Meňzeş habarlar