NESIL TERBIÝESINDE NUSGALYK MEKDEP

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Edep-terbiýä, öwüt-ündewe baýlygy, nesiller üçin nusgalyk ýoldygy bilen aýratyn tapawutlanýan akyldar şahyryň döredijiligi edebiýatyň halkylygyny, milliligini ösdürdi.

Dana Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda, ilki bilen, adamzadyň iň beýik wekillerine mahsus ruhy gözlegleri, ahlak arassalygyny hem-de ýürek heserlenmesini görýärsiň. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda süýji sözli bolmak, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly sypatlar giňden beýan edilýär. Akyldar şahyr şeýle asylly ýörelgeleri wagyz etmek bilen bir hatarda, diňe ýagşylyklary ündeýär. Şeýle goşgularda halk nakyllaryny hem görmek bolýar. Munuň özi halkyň dilini, dünýägaraýşyny şahyrana beýan etmekdir. Aslynda, şahyryň örän köp setirleri halkyň içinde ganatly sözlere, pähimlere öwrülendir. Biz muny şahyryň şu setirlerinde hem aýdyň görýäris:

Magtymguly, öwüt bergin söz bile,

Eşiden deň bolmaz gören göz bile,

Mert çykar myhmana güler ýüz bile,

Namart özün gizlär myhman ýoluksa.

Beýik akyldaryň şygyrlarynyň gymmaty olardan durmuşyň islendik soragyna jogap tapyp bolýandygy bilen bellidir. Şahyr agzybirlik, edep-terbiýe, ahlak arassalygy, watansöýüjilik, halallyk baradaky, tebigata, dünýä akyl ýetirmäge degişli köptaraply, dürli öwüşginli goşgulary döredipdir. Şahyr ynsanyň ruhy dünýäsiniň baý hem owadan bolmagyny arzuw edipdir. Şonuň üçin hem adamlary hemişe gowy gylyk-häsiýetler, inçe duýgular, dana pähim-paýhaslar bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Akyldaryň goşgularynda watansöýüjilik, ula hormat goýmak, edeplilik ýaly ýörelgeler wasp edilýär. Şahyr adamlaryň, esasan hem, ýaşlaryň akylly, parasatly, hoşamaý, edepli bolmagyny, gowyny, erbedi saýgarmagyny, birek-birege hormat goýmagyny, adamyň güýjüniň onuň akylyna, pähim-paýhasyna baglydygyny ündäpdir. Ynsan näçe akylly, paýhasly bolsa, onuň şonça-da güýçlüdigini öz eserlerinde belläp geçipdir, hoş sözli, asylly, sada, akylly, hoşgylaw bolmagy, adam gadyryny bilmegi we hemişe oňa hormat goýmagy öwüt-ündew edipdir. Şonuň üçin bu şygyrlar üstünden asyrlar aşsa-da gymmatyny ýitirmän, türkmeniň terbiýe mekdebi bolup gelýär. Ýaşlaryň terbiýesinde beýik akyldar şahyryň goşgulary egsilmez hazynadyr.

Şahyryň belent maksada gönükdirilen dürdäne setirleri jahan içre aýlanyp, dünýä halklarynyň agzybirliginiň, jebisliginiň owazy bolup ýaňlanýar. Akyldar Pyragy döwletlilige ýetmekde her bir türkmeniň ahlak kämilligine ymtylmalydygyny aýdyp, bu işi amala aşyrmak üçin öwüt-ündewleri berýär. Magtymguly ahlak-etikanyň ynsanyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsirini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Umuman, akyldar şahyryň goşgulary ynsany ýagşylyga çagyrýar, oňa hoşniýetli bolmagy ündeýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň goşgulary nesil terbiýesinde nusgalyk mekdepdir, gymmatly hazynadyr.

 

Laçyn AKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI