Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mährem enelerimiz üçin, uzak we şöhratly geçmişden başlap, röwşen geljegimize ýaň salýan ajaýyp döwür, kümüş saçly enelerimiziň sarpasynyň belentde tutulýan, mertebesine çuňňur hormat goýulýan bagtyýarlyk döwri bolup taryhymyza girdi.
Türkmen zenanynyň abraý-mertebesini belentde tutýan, ak saçly enelerimize çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri, ýurdumyzda ene mukaddesligine goýulýan sarpanyň, hormatyň çäksiz uludygyny subut edýän ajaýyp wakadyr. Mährem gelin-gyzlarymyz türkmeniň ary, namysy, ojagyň ody saýylýar. Türkmen ojagyny, öýüni gyz-gelinsiz, kümüş saçly enelersiz göz öňüne getirmek megerem kyn bolsa gerek.
Halkymyzyň taryhynyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen tanymal, şöhratly zenanlar sanardan örän kän. Olaryň içinde Soltan Sanjaryň ejesi Ogulsapar hatyn, Beýik Seljuk imperiýasyny esaslandyryjy Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn, patyşa hatyn Pereňli gyzy Aýjäjek hanym...bar. Şeýle-de ägirt uly imperiýa öwrülen Köneürgenç döwletiniň soltany Tekeşiň aýaly, Alaeddin Muhammet şanyň ejesi Türkan hatyn ýaly edermen, gaýratly, zenanlarymyzy ýatlamak nesillerimiz üçin örän buýsançlydyr. Şöhratly taryhymyzyň röwşen sahypalaryna ser salanymyzda türkmen zenanlarynyň wepalylyk, mertlik, alçaklyk, utanjaňlyk, agraslyk ýaly häsiýetleri häzirki döwrümiziň zenanlaryna nusgalyk mirasdyr. Çynar boýly zenanlarymyz geçmişde hem, şu günlerimizde hem halkymyzyň iň eý görülýän gymmaty, egsilmez göz-guwanjydyr.
Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda, enelere hormat goýmakda, olary mertebelemekde Gahryman Arkadagymyzyň özüniň nusgalyk göreldeligine göz ýetirýärsiň.
Bu ajaýyp kitapda enäniň milli häsiýeti, ene we perzent arasyndaky baglanyşyk, gatnaşyk barada parasatly ündewlerdir pelsepewi pikirler bilen bir hatarda ene mukaddesligini tekrarlaýan birnäçe rowaýatlar hem getirilýär. Şol rowaýatlaryň birinde Ýaradan bilen dünýä inmeli çaganyň arasyndaky söhbet barada gürrüň gidýär. Indi dünýä inmeli çaga dünýäde özüni ähli zatdan gorajak, özüni şirin sözdür hüwdi bilen ulaltjagyň kimdigi baradaky sowallaryna «Ene» diýlip jogap berilýär. Ene perzendini ähli howp-hatardan, bela-beterden gorajak, onuň üçin gerek bolsa şirin janyny hem orta goýjak perişde ynsan hökmünde suratlandyrylýar. Kitapda getirilýän rowaýatlarda-da, dürli durmuşy maglumatlarda-da ene mukaddesligi, enäniň keramaty, gymmaty barada tekrarlanylýar.
Mälim bolşy ýaly, gözel Diýarymyza ýetip gelen bahar pasly pasyllaryň soltany hasaplanylýar. Megerem şol sebäpden, dünýä halklary Halkara aýal-gyzlar gününi bahar paslynyň ilkinji ongünlüginde baýram edip belleýändirler.
Hakykatdanam, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Sebäbi biziň halkymyz örän şahandaz halk. Ine, ýurdumyzda ýetip gelýän Milli Bahar baýramy, şeýle-de Halkara derejesinde bellenilip geçilýän zenanlarymyzyň baýramyna bagyşlanylyp baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem golaýda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit Halk hünärleri muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen «Owadan dünýäniň zynaty zenan» atly baýramçylyk çäresidir.
Goraghananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan çykyşlardyr sergiler dabara aýratyn bezeg berdi. Çärä etrabymyzyň 53-nji orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Sergide muzeý gymmatlyklary bolan haly önümleriniň dürli görnüşleri, zergärçilik önümleri aýratyn öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Nejmeddin Kubranyň, Pirýar weliniň, Soltan Alynyň kümmetlerine, şeýle-de Mätkerim işanyň kümmetine zyýarat etdiler we goraghananyň hünärmenleri tarapyndan bu ajaýyplyklaryň taryhy geçmişi gürrüň berildi. Çärä gatnaşyjylar özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar!
Pursatdan peýdalanyp, mährem zenanlarymyzy — gelin-gyzlarymyzy, uýalarymyzy enelerimizi, halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Olara berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!
Gülnur REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet
goraghanasynyň hünärmeni.