ÝAŞLYGYMYŇ ÝAZ ÝAKYMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ajaýyp pursatlara, tutumly maksatlara, täze ösüş-özgertmelere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bahar paslynyň ýetip gelmegi bilen, ýurdumyz hasam gözel keşbe eýe boldy. Bahar paslynyň ilkinji pursatlary galkynyşly döwrümiziň täze ajaýyp ruhuna meňzeýär. Şeýle owadan bahar öwüşginleri ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermere bürenen paýtagtymyz Aşgabatda bagtyýar raýatlara ruhubelentlik paýlaýar. Baharyň gelmegi bilen şäherimiz ýaşyl bagy-bossanlyga, onlarça suw çüwdürimli seýilgähleri özboluşly, ajaýyp görnüşe eýe bolup, gaýtalanmajak gözelligi döredýär. Paýtagtymyzyň haýsy şaýoluny alsak-da, olaryň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň hatary bahar öwüşginleri bilen göwnüňi göterýär. Ak Aşgabadyň ýazky jemalyny görmäge göz, waspyny etmäge şirin-şeker söz gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp arzuwlary myradyna gowuşdyrýan, il-günümiziň halal zähmetiniň joşýan eýýamy. Pasyllar aýlanyp, ýyllar dolanyp, goja zemin adamlara öz bereketini sahylyk bilen eçilýär. Mähirli hem ýakymly täsirleri bagyşlaýan bahar paslynyň gözelligi welin başgaça. Ol her gezek gelende goja zemin juwanlyga dolanyp, duýgularyň ter güllerine beslenýärde, ýaz ýakymy kalplary heýjana getirýär. Türkmen bahary öz gözelligi bilen älem-jahana gül-gülälek seçýär, adamlaryň bagtyýarlygy bolsa bize ak arzuwlaryň ak bagtyny paýlaýar. Elbetde, gözel, päkize, näzik gülleri söýmeýän, halamaýan ýok bolsa gerek. Güllere seretdigiňçe ruhuň belende göterilýär. Azda-kände gamly bolsaň köňlüň howalanyp, ýaşaýşa söýgiň artýar. Ýalňyz bolsaň syrdaş tapynyp, bir pursat güller ýaly açylyp, adamlara şatlyk, ýagşylyk paýlasyň gelýär. Berkarar ýurdumyzyň ýaşyl ýaýlalary, owadan sähralary, keremli daglary, al-elwan güllere beslän ýaz paslynyň tebigy aýratynlygy, ajaýyp gözellikleri bolsa, ynsan kalplaryna ýaz ýakymy, bagtyýarlyk nagmasy bolup dolýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda owazasy dünýä dolan gözel ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan gadymy däp-dessurlarymyz has-da rowaçlanyp, pasly ýazymyz toý baýramlara beslenýär.

Bahar paslynda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk çäreleri bolsa, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen utgaşyp, türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde il agzybirliginde toýlanýan Halkara Zenanlar güni, şeýle-de, Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy biziň galkynyşly döwrümizi bezeýän şanly senelerdir. Baýramçylyk gutlaglaryna ulaşýan, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza aýdylýan alkyşlar bolsa, kalplaryň töründen joşup çykýar.

Hawa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz bahar öwüşginlerine beslenip ösýär, özgerýär. Bu ösüşler bolsa, her bir türkmeniň kalbyna galkynyş paýlaýar. Elbetde, bu ösüşler dünýä nusgalykdyr.

 

Azat HAÝYDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Öňki makala

ÖMÜRLERIŇ PENASY

Indiki makala

ÝAŞLAR WE SANLY ULGAM

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI