“SAGDYN MAŞGALA, SAGDYN NESIL”

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýşy we bedenterbiýe-sporty ösdürmäge aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň beden taýdan berk bolmagyny has-da gowulandyrmak, ömürlerini uzaltmak babatynda durmuşa geçirilýän çäreler, işler bimöçberdir. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginde bina edilýän yzygiderli ulanylmaga berilýän saglyk merkezleridir, öýleri, sport mekdeplerdir toplumlary, stadionlar hem aýdyň şaýatdyr. Olaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlaryň oturdylmagy-da ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň näderejede ileri tutulýandygynyň şöhlelenmesidir. Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäniň we sportyň her bir adamyň beden taýdan berk, ruhy taýdan baý bolmagynda ähmiýeti juda uludyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ynsan diňe bir beden taýdan tapawutlanman, eýsem onyň dünýägaraýşy, gözýetimi giňeýär, ruhy hem belent bolýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, şeýle, hem maşgala agzybirligi, abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Balkan welaýat häkimliginiň gurnamagynda Balkanabat şäheriniň köp ugurly sport toplumynda köp çagaly maşgala agzalaryň arasynda “Sagdyn maşgala sagdyn nesil” ady bilen geçirilen sportyň estafeta görnüşi boýunça bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan maşgalalaryň agzalary ilki päsgelçiliklerden ylgap geçmek, soňra şol päsgelçiliklerden elleri pökgüli we pökgini bökdürip ylgap geçmek boýunça ýaryşdylar.

Şowhunly geçen sport bäsleşiginde, I oruna Garajaýewleriň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Berkararlyk” topary, II oruna Amanowlaryň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Ruhubelentlik” topary, III oruna Rejepowlaryň maşgala agzalaryndan ybarat bolan “Bagtyýarlyk” topary mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden maşgalalaryň agzalaryna TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalaryň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR