Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmekleri, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, oňa gatnaşýan gyzjagazlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerimizi geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmekde we öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda I orna Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Zübeýda Hajyýewa, II orna Gyzylarbat etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Melek Garmämmedowa mynasyp bolup bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.