Zeminiň gözelligi zenan keşbine meňzeş. Arassa asman, parahat ýurt, bagtyýar il durmuşa şatlyk paýlaýar, sazlaşykly gözelligi eçilýär. Tebigatyň gözelligi kalbyňy heýjana ýetirýär. Pasyllaryň hersiniň özboluşly aýratynlygy bar. Ynsan ömri pasyllar bilen meňzeş. Ýaşaýşa gözellik paýlaýan pasyllar barada söhbet açylanda, ýaz pasly gaýalaryň garyny eredip, baharyň üýtgeşik gözelligine jümle-jahana buşlaýar. Bahar diýilse zenan ömri açylýar, çünki bahar paslynda eneleriň baýramy sazlaşykly gözelligi äleme buşlaýar. Bu pasylda aňzakly sowukdan, jöwzaly yssydan garaýan mährem eneler ynsana çagalyk ýyllaryna dolanmaga pursat döredýär. Enäniň mukama ýugrulan şirin hüwdüsi kalplaryň töründe baky ýaňlanýar. Ene baradaky ýakymly pursatlar şygyr setirlerine siňip, ene söýgüsi ýaşaýşa gözellik çaýýar.
Dogduk mekanyňa eger geläýseň,
Eneň kalbyň açyp, gujagyn gerer.
Hoşlaşyp yzyňa dolanjak çagyň,
Gowurdakly petir sowgadyň bolar.
Gowurdakly petir maňlaýa sylnyp,
Ýakymly ysyna maýyl bolunar.
Enäniň kalbyna meňzeş petiriň,
Tagamy, lezzeti ysy görüner.
Ene ömürboýy tälimçiň bolup
Ähli sowallaryň çözgüdin tapar.
Ene perzendine ýüregin açyp,
Döşüňe mukaddes tumaryn dakar.
Enä tagzym –mukaddeslige tagzym,
Enäniň hormatyny Arşa göterýär,
Arkadagyň yhlas siňen eseri,
Tagzym etmeklige baky ündeýär.
Ene perzendine günleriň hünjüsin, rowaçlygyň açaryn bagyş edýär, gözel görküni, ömrüne serpaý ýapýar ine şonuň üçin-de eger şygyrlaryň sözbaşyna, ýaşaýşyň gözbaşyna deňelýär. Goý, zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan ömürlere ömür goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwlet bähbitli her bir beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin.
Gyzlargül GURBANALYÝEWA,
TMÝG-niň Bereket etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.