Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki zaman türkmen medeniýetinde türkmeniň milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy dizaýn sungatynda özüniň has-da kämil sepgitlerine ýetdi. Aşgabat şäherimizdäki gurulýan ajaýyp binalar, olaryň çeper bezegleri dizaýn sungatynyň özenini görkezýär.
Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda “Aşgabadym – dizaýn şäherim” atly sergi açyldy. Bu sergide “Binagärlik” we “Dizaýn” kafedralarynyň uçurumlary we talyplary özleriniň ajaýyp maketlerini hem-de dizaýn taslamalaryny görkezdiler. Türkmen binagärlik we dizaýn sungaty boýunça kämil ýaş hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alyp, döwrebap, ajaýyp täze binalaryň bezeg aýratynlyklary boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler. Sergide «Binagärlik» kafedrasynyň uçurymy Serdar Nurmuhammedow “Halkara atçylyk akademiýasy” atly diplom işiniň taslamasyny görkezdi. Taslamanyň umumy daşyndan görnüşi nal şekilli bolup, ol ýörite türkmen atşynaslyk sungatyny öwredýän bilim ojagy bolup, bu bina geljekde ýurdumyzda gurulmaga hödürlenjek ajaýyp binagärlik toplumydyr. Mundan başga-da, “Dizaýn” kafedrasynyň uçurymlary Geldiýewa Güljahanyň 5 bölekden ybarat “Melhem otlary” atly işi we Hommadowa Aksoltanyň “Rowaçlyk” atly temada dizaýn işi, ülkämiziň dermanlyk ösümliklerine baýdygyny we Bitarap ýurdumyzyň ösüp barýan ýaş döwletidigini, asudalygyny we parahatçylygyny wasp edýän ajaýyp sungat eserleridir.
Dizaýn sungaty iň täze sungat bolsa-da häzirki döwürde ol örän giň gerim alyp ösüp barýar. Dizaýnyň döwrebap dünýäsinde rahatlylyk, amatlylyk we şol bir sanda göze ýakymlylyk hem esas bolup durmalydyr. Şeýle döwrebaplylygy millilik bilen sepleşdirip türkmen binagärligini ösdürmekde ýaş dizaýnerleriň we binagärleriň edýän işleri örän uludyr. «Binagärlik» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Potyýewa Näzigiň “Häzirki zaman az gatly ýaşaýyş jaýy” milli türkmen binagärlik sungatynyň döwrebap äheňinde, täze döwrüň talaplaryna laýyk ýerine ýetirilen eserdir. Taslamada ýaş binagär iki gatly giň howlyly ýaşaýyş jaýynyň ähli amatlyklaryny göz öňünde tutup görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydyr, uçurymlary “Aşgabadym – dizaýn şäherim” atly sergide türkmen binagärlik we dizaýn sungatyna degişli ýene-de birnäçe täsin eserleri görkezdiler. Aşgabat şäheri dünýä binagärliginiň aýratyn nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda gurulýan binagärlik taslamalaryň döwrebap milli äheňde çeper beýan edilmeginde uly işleri bitirýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, ýokary okuw mekdebimiziň talyplary ýurdumyzyň binagärligi iň bezeg we ymaratçylyk sungatynyň ösmeginde özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Şähermizde gurulýan ak mermer jaýlary döwrebap, tygşytly, milli äheňde adamlar üçin amatly edip gurmak, olaryň bezeg işleriniň taslamalaryny döretmek we oňaýlylygyny berjaý etmek üçin zähmetlerini gaýgyrman bilimlerini kämilleşdirýär.
Nowgül GURBANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.