ÝAŞ BINAGÄRLERIŇ YLMY GADAMLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň binagärlik sungatyny öwrenmek hem-de ösdürmek boýunça möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär. Aýratynda bu ugurda ýaşlaryň ylmy gadamlarynyň, täzeçil pikirleriniň hem-de teklipleriniň baý mazmuna eýe bolmagy diýseň ähmiýetlidir. Täze taryhy döwür türkmen ýaşlarynyň hünär ugurlarynda kämilleşip zehinleriniň giňişleýin açylýan döwrüdir. Ýagny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilim alýan talyplaryň ukyp-başarnyklarynyň köptaraplaýyn açylýan, özlerini görkezmäge giň mümkinçilikleriň döredilen ýylydyr. Bu ýyl ýaşlaryň durmuşa we döwrümize çäksiz söýgüsiniň hormatyny özleriniň döredijilik başarnyklarynyň üsti bilen beýan etmekde dabaralanan ýyly boldy.

2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylyk we telekeçilik birleşmesi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň gurmaklarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçirildi. Bu binagärlik-taslama döredijilik sergisine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynda bilim alýan zehinli talyp ýaşlarymyzyň birnäçesi işjeň gatnaşdylar.

Binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň baş maksady, binagärlikde özboluşly milli we innowasion taslamalary taýýarlap teklipleri bermek, şeýle hem milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Bu döredijilik sergisine döwlet çeperçilik akademiýasyndan ýigrimä golaý talyp ýaşlarymyz gatnaşyp, olaryň otuzdan gowrak täze döwrebap taslamalary sergilendi.

Binagärlik-taslama döredijilik sergisinde çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň hödürlän döredijilik eserleriniň özeninde milli binagärligimiziň baý taryhynyň nusgalary jemlenýär. Ugur alnan häzirki zaman binagärligiň ösen derejesi çeper çözgütleriň sazlaşygynda beýan edilýär. Dürli medeni-durmuş maksatly niýetlenen taslamalarda ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp, binalaryň içki hem-de daşky dizaýn bezeglerinde talaba laýyklygyň bolmagy, taslamalarda özboluşly milliligiň emele gelmegine esas berýär. Binagärlik taslamalaryndaky türkmen tebigatynyň baý keşbiniň sazlaşygy binanyň gözellik derejesini artdyrýar. Şeýle alamatlar Resul Baýramowyň “Asudalyk monumenti”, Selbi Gylyjowanyň “Botanika bagy”, Şemşat Rejepowanyň “Orta mekdebiň taslamasy”, Tawusşa Meredowanyň “Köp gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Begli Ataýewiň “Myhmanhananyň taslamasy”, Şirin Rejepowanyň “Drama teatryň taslamasy” Maksatmyrat Goçmyradowyň “Köp gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Oguljemal  Serdarowanyň “Köp gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Gerçekmyrat Annamyradowyň “Bagyr obasynyň baş meýilnamasy”, Näzik Potyýewanyň “Az gatly ýaşaýyş jaý taslamasy”, Toýbibi Bäşimowanyň “Orta gatly ýaşaýyş jaýy”, Allaberdi Garýagdyýewiň “Teatryň taslamasy” atly döredijilik eserlerinde çeper beýan edilýär.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik-taslama döredijilik sergisine gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň talyplaryna ýokary baha berlip, olaryň birnäçesi ýeňişli orunlara mynasyp boldular. Talyp ýaşlarymyzyň bu gazanan üstünlikleri geljekde ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň özgermeginde täze döredijilik taslamalarynyň emele gelmeginiň dowamlylygyny artdyrýar.

Ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza ýaş binagärlerimiziň alkyşlary bimöçberdir.

 

Bilbil ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI