Bahar – dünýäniň bezegi, durmuşyň zynaty. Baharda ynsan göwni galkynyp, ruhy täzelenýär. Ine, eýýäm eziz diýarymyza, mähriban topragymyza bahar geldi. Il içinde “Bahar bereketdir” diýilýär. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen bu barlykda oýanyş, diriliş başlanýar. Dal-daragtlara jan girip, baglardaky pyntyklar çalaja çyzylyp, ýapraklaryň gökje uçlary agaçlary bezäp ugraýar. Megerem bu ajaýyplygy wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek! Her gezek bahar gelip, dünýä läle-reýhana çümende, halypa şahyrymyz Halyl Kulyýewiň şeýle goşgy setirleri ýadyma düşýär.
Gaýalaryň gary eräp bir eýýäm.
Pyntyklady pisse bilen badamlar,
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!
Dogrudanam, bahar paslynyň ilkinji buşlukçylary türkmen sährasyndan öwsüp gaýdýan mylaýym ýeller, berkarar döwletimiziň bagtyýar günleri bilen sazlaşyp, köňüllerimize mähir çaýýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyz hem öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzyň tarypyny ýetiripdir. Onuň “Duman peýda” diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda.
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda
- diýip belleýşi ýaly, nowruzyň ilimize gelşi üýtgeşik. Ol kalby perzentlerine yssy mähirden doly eneler mysaly tutuş dünýäni alaýaz edip bilýär.
Eneler hem Bahar. Bu iki beýiklik bir-birine juda meňzeş. Bahar bu zemine oýanyşy bagyş edýän bolsa, enelerem janlaryndan jan üzüp perzentlerine ýaşaýşy bagyş edýärler. Eneler, aýal-gyzlar barada gürrüň gozgalsa, şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň şu setirlerini hem bellemek gerek:
Aýal diýilýän zat – dünýäň diregi,
Aýal diýilýän zat – ömrüň şahyry,
Şondan ozal ýokmuş Ýeriň ýüregi,
Ol –dünýäň ozaly
Hem-de ahyry
- diýip, belleýän bolsa ýene-de bir beýik şahyr Berdinazar Hudaýnazarow şeýle taryplaýar:
Owadan dünýäniň syry azaldy,
Düýnki syrlar bu gün eýýäm aýandyr,
Açyşly eýýamda açylman galan
Syr bar bolsa, meger, ol hem
Aýaldyr.
Nowruz baýramy Oguz han atamyzyň döwürlerinde-de bellenilipdir. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, bahar paslynda Gün hamal burçuna gelende gadymy Gündogar halklary Täze ýyly garşylapdyrlar. Nowruz äleme özboluşly gözelligi bilen gelýär. Sowuk gyşdan soňra tebigata jan girip, agaçlar pyntyklaýar. Töwerekde saýraşýan guş-gumrularyň owazy tebigata has-da gözellik berýär.
Bu baýram geçmişde-de uly şatlyk-şowhun bilen gyzgalaňly ýagdaýda garşylanypdyr. Nowruz mynasybetli ýörite tagamlar taýýarlanylypdyr. Nowruzda taýýarlanýan esasy tagamlaryň biri-de semenidir. Ony şinelän bugdaýdan, undan taýýarlaýarlar. Bugdaý däneleri ýedi günläp ezilip goýulýar, şonçarak wagtam Günüň aşagynda goýlup şineledilýär. Soňra un garylyp, goýalyp tagamyna gelýänçä gaýnadylýar.
Üç günläp dowam eden Nowruz baýramynda her hili milli oýunlary oýnapdyrlar. Baýramçylyk wagty birek-birege myhmançylyga baryp, tagam datmak däp bolupdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda Nowruz baýramynyň ähmiýeti barada şeýle nakyllardyr, paýhasly sözler bar: “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli – ýaryň gelşi -sowgadyndan”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň-ýaz”, “Bahardaky hereket-güýzki - bereket”, “Ýaz diýip, otsuz galma, gyş diýip - suwsuz” ýaly ençeme nakyllardan hem görnüşi ýaly bahar pasly berekediň hem-de täzelenşiň paslydyr. Ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Milli Bahar baýramy bilen gutlaýaryn.
Şular ýaly ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!
Gülnur REJEPOWA,
“Köneürgenç” taryhy-medeni
döwlet goraghanasynyň hünärmeni.