ÝAŞLAR. YLYM. TÄZEÇILLIK

Ýaşlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berýärler, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmagy uly borç hasaplaýarlar.

Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde şahsyýetiň bilimliligi we aň-paýhas ukyby ýurduň milli baýlygydyr. Adamyň ruhy sagdynlygy, hemmetaraplaýyn ösüşi, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilik başarnygy jemgyýetiň kämilleşmegine we döwletiň ösüşine uly itergi berýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir iş ylmy esasda öwrenilip, seljerilip ýerine ýetirilýär. Ýaşlaryň okamagy, döwrebap terbiýelenmegi üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ata Watana bolan söýgüsiniň belent bolmagyna, ony goramaga, dünýä ýüzünde abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna goşant goşup bilýän ynsanlar bolup ýetişmegine ýol açýar. Täze taryhy döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alyp barmaklary hem-de bu ugurda guralýan ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Dünýäde okgunly ösýän ylmyň ýaşlaryň gündelik durmuşynyň hemrasy bolmagy, olaryň bu ugurda gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de geljekde gazanan netijelerini önümçilige we durmuşa ornaşdyrmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Beýik ösüş ýoluna düşen döwletimizde döredilýän ylmy merkezleriň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylan ajaýyp binalaryň we ýokary okuw mekdepleriň ylmy-tehniki binýadynyň doly güýjünde hereket etmegi Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan resmi internet saýtlarda we diplomatik ýollar arkaly nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň baş maksadyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtly deň-duşlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly, halkara medeni, ykdysady, ylym-bilim babatda hereketlere has işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunda esasy maksat halkara derejede ýaş alymlaryň täze ylmy pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekden, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakdan, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmakdan ybaratdyr.

Şu ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň birnäçesi agzalyp geçildi.

Geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna ýurdumyzyň talyplary bilen bir hatarda, Ýewraziýa döwletlerinden, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinden onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de halkara derejesindäki bäsleşikleriň talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylym-bilim ulgamynda baý tejribe toplamaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. Munuň özi, ýaş türkmenistanlylaryň ylma höwesini artdyrmak, olaryň ýokary hilli we döwrebap bilim almaklary üçin şertleri döretmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň aýdyň nyşanyna öwrüler. Bu bolsa täze taryhy zamanada Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamynyň täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar.

Şu ýylyň 15-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça II halkara açyk internet olimpiadasyny, 27-nji mart – 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, 12-13-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň öňünde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, innowasiýalaryň, halkara hyzmatdaşlygyň bitewüligine esaslanýan öňdebaryjy toplumlary we milli innowasion ulgamy döretmäge, ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge we önümçilige täzeçillikleri ornaşdyrmaga işjeň gatnaşmak, ýurdumyza getirilýän ýokary tehnologiýalaryň importyny azaldyp, eksportyny döretmek, innowasion ykdysadyýeti we bilimleriň ykdysadyýetini ösdürmek bilen bir hatarda, ilatyň aň-bilim kuwwatyny dünýä derejesine çykarmak ýaly möhüm wezipeler dur.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň milli ylmy binýadymyzy has hem pugtalandyrmakda uly goşant goşjakdygyna ynanýarys.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI