Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly hem biz ýaşlar üçin iň bir ajaýyp ýyllaryň biridir. Sebäbi, Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz biz ýaş talyplara okamaga, öwrenmäge, bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara şekillendiriş sungaty hem-de amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri boýunça bilim-ylym berilýär. Bu sungat ojagymyzda ýaş suratkeş talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler. Şeýle hem mugallymlar jogapkärli işinden daşary ajaýyp eserleri bilen ýurdumyzda geçirilýän dürli sergilere gatnaşýarlar. Bu sergilere gatnaşýan ýaş zehinler halypalarynyň döredijiliginden nusga alýarlar. Şeýle sergiler ýaş talyp suratkeşler üçin tejribe hem-de halypalardan görelde almaga nusgalyk mekdep bolup durýar. Şeýle ajaýyp sergileriň biri hem şu ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly ýaş suratkeşleriň döredijilik sergisiniň nobatdaky açylyş dabarasy boldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Merdan Babajanow we Maksatmyrat Kanyýewiň eserleriniň sergisi sergilenip görkezildi. Ekspozisiýada, esasan, Watanymyzyň gözelligi we gözel tebigatymyzyň gözelligini, bahar öwüşginlerini wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi.
Nakgaşlyk kafedrasynyň talyplary Merdan Babajanowyň “Umyt uçgunlary”, “Parahatlyk miwesi”, “Alowlaýan ojak”, “Ak arzuwlar”, “Bagtly maşgala”, Maksatmyrat Kanyýewiň “Mukam”, “Magtymgulynyň dünýäsi”, “Wasp”, “Ýaýla”, “Arzuw”, “Nohur obasy” ýaly nakgaşlyk eserleri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy.
Suratkeşiň döredijiliginde ajaýyp “Arzuw” diýen eserinde türkmen ahalteke bedewi wasp edilýär. Bedewiň owadan hereketi tüýdük çalýan oglanjygyň keşbi bilen utgaşýar. Saza hiňlenip oturan pursady tomaşaçyny hem oý-pikirleriň dünýäsine alyp gidýär. Tüýdükden çykýan saz ähli älem jahany tolgundyrýar we herekete getirýär. Bedewiň daş-töweregi gumuň alaňlary nagyşlaryň, guşlaryň üsti bilen janlandyrýar. Ýaldyrap duran Günüň şöhlesi tebigaty oýaryp, asmandan uçup barýan garlawaçlaryň we oýnap duran bedewiň hereketlerinde şöhlelenýär.
Maksatmyrat Kanyýewiň “Mukam” atly işinde owadan sazlaryň heňlerinden lezzet alýan skripka çalýan türkmen ýigidiniň keşbi hakykylyk bilen beýan edilýär. Yzky meýilnamasynda türkmen bedewiniň wepadarlygy, hüşgärligi bilen tapawutlanýar. Umuman, bu eser asudalygynyň nyşany hökmünde görkezilýär.
“Ýaýla” atly işinde erkana bedewleriň düzlük meýdanda erkin bat bilen toýnak gurap ylgap gelip çeşmeden suw içip duran pursady şekillendirilýär. Bu eserinde esasan hem açyk reňkleri we ýumşak işlemek bilen erkin bedewlerimiziň ajaýyp syratyny, owadanlygyny, ýyndamlygyny, uz ýöreýişlerini görkezýär. Yzky meýilnamasynda dag peýzažyny görkezýär. Eserini baharyň ajaýyp tämiz howasynda, asuda zeminde ýerleşdirmegi bolsa türkmen bedewlerimize has hem görk berýär.
Merdan Babajanowyň “Alowlaýan ojak” atly eseri nakgaş usulynda ýerine ýetirilen. Eser örän pelsepewi häsiýete eýe bolýar we onda zenan dünýäsi has ýokarlandyrylýar. Ýaş enäniň gujagyndaky çaga ejesiniň mylaýym hüwdüsine uklaýar. Suratkeş hüwdüniň owazyny jadyly äheňde beýan edip, çagaly gelniň daş-töweregini owadan nagyşlar bilen gurşap alýar. Maşgalanyň keşbi has belende galdyrylyp, çagasyny özüniň mähri, söýgüsini we ýylysyny çoýup durşy suratlandyrylýar. Eser örän asuda we parahat, şonuň bilen birlikde çuňňur mazmunly. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen temanyň çözgüdi tomaşaçyny haýran galdyrýar.
“Parahatlyk miwesi” atly eserinde çagalaryň örän şadyýan keşbi görkezilýär. Bu eserde bir tarapy belent dag gerişlerine baryp direýän bereketli türkmen sährasy, asuda asmanymyzda parahatçylygyň nyşanyna öwrülip erkana ýaýraýan ak kepderiler ýokary ussatlyk bilen şekillendirilipdir. Reňk älemi bu eserde iň esasy serişde hökmünde çykyş edip, çeperçilik tilsimleriniň özenini düzýär. Bu eserinde Watana bolan päk söýgüni, milli tebigatymyzyň çäksiz sähralyklaryň keşbi türkmen halkynyň ýüreginde ýokary ahlaklylyk we ynsanperwerlik ýaly duýgularyny oýarýar.
Geljekde-de suratkeşleriň döredijiliginiň has hem kämil we çeperçilik taýdan ýokary ussatlykly bolup, sungat muşdaklarynyň köňüllerinde orun tutsun.
Şirin ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
Akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.