GELJEGI NURANA KÖRPE NESILLER

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň, zehinli çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda » hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmek, täze zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýokary derejä eýe bolýar. Ýürekleri buýsançdan, söýgüden pürepür, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly, döredijilik bäsleşikleriniň biri hem Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň  2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda  geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2023»  atly şadyýan bäsleşigidir.

Kalby ylhamly, saýrak dilli çagalaryň sungat äleminde zehinlerini ýüze çykarmakda, kämilleşmeklerinde, maksatlarynyň myrat tapmagynda bu bäsleşigiň uly ähmiýeti bardyr. Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginden umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli gyzjagazlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Bäsleşik ilki bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabadyň “Watan” kinokonsert merkeziniň bezemen sahnasynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna eýjejik gyzjagazlaryň 12-si gatnaşyp, olar bäsleşigiň üç şerti boýunça özara bäsleşdiler. «Iň eýjejik gyzjagaz – 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem şatlyk–şowhuna beslendi. Zehinli gyzjagazlar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym – sazly çykyşlarynda , şygyrlarynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty we bahar paslynyň waspy öz beýanyny tapdy. Çagalaryň päk kalbyndan çykýan buýsançly sözler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy.

Bäsleşigiň üçünji şerti has-da gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Zehinli gyzjagazlar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

«Iň eýjejik gyzjagaz–2023» atly şadyýan bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar  beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI