“ENELERIŇ GÖRELDESI-ZENANLARA ÝÖRELGE”

Türkmen tebigaty, gör, nähili ajaýyp gözel. Bahar paslynyň ýetip gelmegi bilen tebigatymyz has-da gözelleşýär. Çünki baglar gülläp, guşlar saýraşyp, sähralarymyz, ýaýlalarymyz gülzarlyga öwrülýär, tebigatymyz janlanýar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen topragynyň berekedi artýar. Baharyň şeýle ajaýyp gözelligi täze Galkynyş zamanamyza özboluşly öwüşgin berýär, türkmen halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna bagyş eden täze Galkynyş eýýamy toý-baýramlara, dabaraly çärelere baý döwür. Ynha ýaňy ýakynda etrap häkimligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda bahar paslynyň we halkara zenanlar gününiň ýetip gelmegi mynasybetli etrabymyzyň “Han toý” mekanynda gelin-gyzlarymyz bilen bilelikde “Eneleriň göreldesi – zenanlara ýörelge” ady bilen milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly üme çäresi geçirildi. Halkara zenanlar güni bilen Milli bahar baýramynyň utgaşykly gelmeginde ajaýyp sazlaşyk bar. Dogrudanam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe kümüş saçly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi belende göterilýär, sylag-hormaty artýar. Şunlukda milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz bagtyýar zenanlarymyzyň ruhy mertebesini ýene-de bir gezek arşa göterýär. Goý, halkyny, ata-watanyny, biz ýaşlary Jandan söýýän ýurt abadançylygyny ugrunda agyrsyz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Gülşirin REJEPOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

 Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR