Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda gazanýan üstünlikleri bu gün buýsanmaga mynasypdyr. Ajaýyp zamanamyzda zenan mertebesini gorap saklamak hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet syýasatynyň ýokary derejesine çykaryldy. Halkymyz zenan maşgalasyny ýüzüniň tuwagyna deňeýär. Enä goýulýan hormat, ähli sylaglardan ýokarydyr, sebäbi türkmen enesini Käbä deňeýär. Gelin-gyzlaryny altyn-kümüşe besläp, olary hüýr-melege meňzedýär. Gahryman Arkadagmyzyň “Eziz eneler, hormatly gelin-gyzlar! Siz durmuşyň güllerisiňiz, toýlarymyzyň bezegisiňiz, ojaklarymyzyň alawysyňyz, öýlerimiziň çyragysyňyz” diýen sözleri ata Watanymyzyň mähriban zenanlarynyň başlaryny has-da göge ýetirýär. Bu gün türkmen zenanlary Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza özlerine goýýan beýik sarpasy üçin köp sagbolsun aýdaýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem etrap häkimligi Zenanlar guramasy etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň sakar şäherinde etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim ulgamynda işleýän gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda “Eneleriň ýürek arzuwy – bagtyýarlygyň bagt nagmasy” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna etrabyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň şirindir aýdym sazlary bilen tanslary bilen dabara joşgunly gatnaşyp dabara gatnaşýan myhmanlara uly ruhy lezzet paýlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde zenanlarymyza goýulýan beýik sarpa barada şeýle hem zenan mertebesi, barada giňişleýin çykyşlar etdiler.
Maral HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.