GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÝAŞLARA GUTLAG” AÝDYMY-BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BAGT MUKAMY

Her bir işde türkmen halkyny, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurduň bagtyýar ýaşlaryna niýetlenen “Ýaşlara gutlag” atly aýdymyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan joşup çykan täze  aýdymyň tanyşdyrylyş dabarasy 10-njy martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary, talyplary welaýatdan gelen wekiller uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Her bir adamyň durmuşynyň  iň bagtly pursatlaryna bagyşlanan täze aýdym atanyň iň gowy arzuwlarynyň we durmuşyň nurana ýoluna ak patasynyň beýanyna öwrüldi. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýerine ýetirdi. Täze şygryýet eseri göwün joşduryjy hoş owazly aýdym bolup ýaňlandy hem-de ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Baýramçylyk şatlygyny artdyryp täze aýdym dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  döreden aýdymynda şeýle setirler bar:

 

Köňül kendim, ömre bendim,

Diňlegin sözlem!

Bagt diýen zat damja bolsa,

Ýaz ýagşa eziliň!

Söýgi besläp ýüreklerde,

Taryha ýazylyň!

Şirin sazym perdelerden

Saýladym saňa!

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan joşup çykan “Ýaşlara gutlag” aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasydyr. Şoňa göräde, bu aýdym ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr. Täze sungat eseri her bir ene-atanyň arzuwynyň amala aşýan pursatlarynyň waspyny ýetirdi. Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Gülşirin REJEPOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR