NOWRUZ GELDI ILIME

Türkmen topragynda ýere ýyly gitmegi bilen, tebigat gaýtadan janlanyp, gyş pasly ornuny bahara berýär. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, tutuş tebigat janlanýar. Baharyň nurana baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz baýramynda owadanlyk, täzeleniş, tebigy özgeriş we zemin görklenişi jemlenýär. Täze günüň – Täze ýylyň başlanmagy, gije bilen gündiziň deňleşmegi, ýaýlanyň ýaşyl mahmala beslenmegi tebigatyň täzelenşini we sazlaşygyny dabaralandyrýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda bolsa Halkara Nowruz mukaddes Remezan aýy bilen goşalanyp geldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýip taryp eden Nowruz baýramy bu günki günde asyrlaryň, nesilleriň kalbyndan geçip, diňe bir tebigatyň däl, ynsanlaryň we milletleriň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy dabaralandyrýar. Nowruz baýramynda däneli-kösükli ösümlikleriň ýedi görnüşinden bugdaýdan, arpadan, şalydan, mäşden, noýbadan, süleden, jöwenden tagamlar taýýarlanyp, toý saçagy bezelipdir. Döwlen bugdaýdan, arpadan, ýarmadyr şalydan dürli tagamlary, jöwenden nowruz köjesi taýýarlanypdyr. Bugdaýyň arpanyň unundan unaş edip, oňa noýba atypdyrlar. Bugdaý dänesini gaplarda çykyşyndan, boý alyşyndan çen tutup, bu ýylda hasylyň, rysgalyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Bu maýsadan semeni bişirmek hem Nowruzyň özboluşly däbi bolup galypdyr. Semenini, adatça köplük bolup taýýarlap, ony goňşy-golama, dogan-garyndaşlara paýlapdyrlar. Semeniden dadyp, ony bişirinenlere, il-güne ýagşy dileg etmek gowy däpleriň biri bolupdyr. Zemine rysgal bereket eçilip gelen bahar her birimiziň kalbymyzy päk niýetlere, ýagşy arzuwlara baglaýar. Adamlaryň ýüreklerini söýgüniň we bagtyň şuglasy bilen nurlandyryp, özüniň täze açylan güli, göwünleri heýjana getirýän ajaýyp täze görki bilen ata Watana, ene topraga bolan söýgüsini has belende göterýär.

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň sanly ulgam hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR