TÄZE DÖWRÜŇ BAGTYÝAR EKIZLERI

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe bolýar.

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Milli bahar baýramynyň giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler – birnäçe bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary, dürli sport ýaryşlary geçirilýär, sergiler guralýar.

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna“ laýyklykda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, gelejekki nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde we özlerini kämilleşdirmek, aýdym-saza ukyply ýaş çagalaryň zehinlerini ösdürmekden we zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi we etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda etrabymyzyň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ekizleriň arasynda “Täze döwrüň bagtyýar ekizleri” atly şadyýan bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçylary Arzuw Bähbidow we Umyt Bähbidow I orna, 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Dursun, Dünýä Annakowalar II orna, 36-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Şirin, Nabat Joraýewalar III orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR