Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýyl Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bellenilýär. Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni Arkadagly ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgüsi bilen kalplarynda heýjanelek, heýjanelek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgüsine eýedir. Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona bürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk merdana halkymyzyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, medeniýetimiziň dünýä ýüzüne açyp görkezýän aýratyn bir seneleriniň biridir. Dünýä halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem baharyň buşlukçysy – Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşmeýilli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi we agzybir, zähmetkeş halkymyzy döredijilikli täze zähmetlere, beýik işlere ruhlandyrýar. Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary itergi güýç hökmünde giňden dabaralanýar. Türkmen halkynyň durmuşyna Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri çuňdan ornaşypdyr. Muny türkmen halk döredijiliginiň, nusgawy edebiýatyň eserlerinde bu baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň bolmagy görkezýär. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly dostluga, parahatçylyga çagyrýan öwüt-ündewler-de bar. Nowruz halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan nakyllarda, atalar sözünde, yrymlarda hem öz beýanyny tapypdyr. Mysal üçin, “Nowruz gelse buz durmaz, halady geçen gyz durmaz”, “Nowruzda ýagan ýagyş geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş” diýen pähimleri bellemek bolar. Nowruz baýramy günlerinde türkmen gelin-gyzlary monjugatdy oýnapdyrlar, läle kakypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy içgin öwrenmek we medeni, ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.