TÜRKMENISTANYŇ HOKKEÝ BOÝUNÇA U-18 ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ WE OKEANIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ÝEŇŞINI GAZANDY

Türkmenistanyň hokkeý boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda dördünji duşuşygynda üçünji ýeňşini gazandy.

Türkmen ýygyndysy düýn ýer eýelerini ― Mongoliýanyň ýygyndysyny 6:4 hasabynda ýeňdi.

Ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda asgyn gelen türkmen hokkeýçileriniň soňra yzygiderlilikde Tailandy 4:3, Birleşen Arap Emirliklerini 7:2 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy dört duşuşykda 9 utuk ýygnady. Birinji orundaky Özbegistanyň ýygyndysynda 12 utuk bar. Bu bolsa özbek ýygyndysynyň eýýäm çempion bolandygyny görkezýär. Türkmenistanyň ýygyndysy hem ýaryşy kümüş medal bilen tamamlamagy kepillendirdi diýip bileris. Çünki üçünji we dördünji orunlary eýeleýän Mongoliýanyň we BAE-niň ýygyndylarynda 6 utuk bar. Türkmen hokkeýçileri özara duşuşyklarynda bu ýygyndylaryň ikisinden hem üstün çykdy.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy ýaryşda ahyrky duşuşygyny ertir ― 17-nji martda ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagyndaky garşydaşy ― Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Eýranly hokkeýçilere bu ýaryşda bir utuk hem ýygnamak başartmady.