TÜRKMENISTANYŇ HOKKEÝ BOÝUNÇA ÝETGINJEKLER ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ WE OKEANIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA IKINJI ÝEŇŞINI GAZANDY

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda ikinji ýeňşini hem gazandy.

Ýaryşyň üçünji tapgyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen duşuşan türkmenistanly hokkeýçiler garşydaşlaryndan 7:2 hasabynda üstün çykdylar. Matweý Arhipow bilen Röwşen Aşyrowyň iki gezekden tapawutlanan duşuşygynda beýleki şaýbalary Alyhan Aliskerow, Elman Isaýew we Nazar Želtýakow dagylar geçirdi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň ikinji tapgyrda Tailandy hem 4:3 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Üç tapgyrdan soň 6 utuk toplan Guwançmyrat Jepbarowyň tälim berýän topary ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda ýerleşdi.

Şu gün türkmen topary Mongoliýanyň ýygyndysy bilen duşuşýar.

Ýaryş 19-njy martda jemlener.