Milli bahar baýramy öz gözbaşyny halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyndan alyp gaýdýar. Nowruz uzak ýyllaryň dowamynda halkymyzyň ruhy kämilligini, tebigatyň janlanýandygyny, baharyň gelendigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde bu ajaýyp baýramyň üsti täze mazmun bilen ýetirilip, ol bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmek bilen, halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň teklibi boýunça ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Oňa laýyklykda, her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz baýramy diýlip yglan edildi we ol döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan we Merkezi Aziýadan başlap, Balkan hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli bolan aralykda ýaşaýan halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde ykrar edildi.
Özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan Nowruz türki dilli halklaryň arasynda giňden bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyz “Nowruz dünýäniň halklarynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir” diýip, belläp geçýär. Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Nowruz baýramy giňden bellenip geçilýär.
Nowruz täze günüň, aýyň, ýylyň, döwrüň, ömrüň beýanydyr. Oňa biz taryhy maglumatlarda, edebiýatçy alymlaryň ylmy işlerinde, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde aýdyň göz ýetirýäris. Nowruz baýramçylygyny dünýä döwletleriniň ençemesi ýokary derejede belläp geçýär. Şol esasda, Nowruz baýramçylygy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, şeýle baýramçylyklaryň biziň döwletimizde hem ýokary öwüşgünde bellenilmegi bizi has hem buýsandyrýar.
Milli däp-dessurlarymyzy gaýdyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamazat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.