Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym we bilim berilýän ojaklarda giň mümkinçilikleriň döredilmegi, umumy bilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bolmagy, şeýle hem ýurdumyzdaky welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän okuw jaýlary we günbe-günden ösüp barýan ýaşlary kämil şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirmekde uly işler amala aşyrylýar.
Çaga dünýä inen pursadyndan başlap daşky dünýäniň gurşawyna düşýär we önüp-ösen maşgalasynyň dil aýratynlygyna baglylykda dil babatda kämilleşýär. Çagalar bagynda bolsa maşgalada kemala gelýän dil öwrenmek endiklerini guramaçylykly esasda has-da berkitmäge mümkinçilik bar. Şonuň üçin bolsa gerek dil öwretmeklige eýýäm çagalar bagyndan girişilýär. Häzirki döwürde çagalar bagynda hem eýjejik çagajyklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap şertlerde sowatly etmek, kämil edep-terbiýe bermek üçin amatly mümkinçilikleriň ählisi döredilýär.
Çagalar özboluşly bir dünýä bolup, olarda geljegiň gapysyny görýärin. Eýsem, haýsy ýaşda daşary ýurt dillerdäki sözleri beýnimize çalt kabul edip bilýäris? Dilleri öwrenmegiň fundemental ýaş aýratynlygy barmy? Eýsem islendik ýaşda dil öwrenmek mümkinmi? Bu soraglara jogap gözlemek maksady bilen ýaňy-ýakynda alymlar tarapyndan ýörite ylmy barlaglar geçirilipdir. Barlagyň netijeleri dünýä belli neşirleriň biri bolan “The Journal of Neuroscience” žurnalynda çap edilipdir. Amerikan we britan neýrofiziologlaryň geçiren barlaglary esasynda dil öwrenilende beýniniň çalt kabul edip bilýän ýaş aýratynlygy kesgitlenilipdir. Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin. Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde alymlaryň barlaglary iki ýaşdan dört ýaş aralygyny görkezýär. Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňüne tutmak bilen olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz bekleýändiklerini belleýärler.
Alymlaryň ýene-de bir geçiren barlaglaryň netijelerine görä 5-6 ýaşlaryndaky çagalaryň köp zatlary özleşdirip başarýandygy 70% bilimi şol döwürde alýandygy anyklanyldy. Şonuň üçin hem çagalara bu döwürde berlen bilim edil daşa ýazylan ýaly olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.
Çagalara geçilýän tema degişli bolan suratlary diňe bir görkezmän, eýsem olaryň özlerine paýlap bermek çagalaryň sapagy oňat özleşdirmegi üçin ygtybarly serişdedir. Çagalar ellerine alan suratlaryna seredip öwrenseler we ol esbaplar oýun görnüşinde bolsa, ýa-da test görnüşinde bolmagy sapagyň berkitmek döwründe oňat serişde bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçilikleri esasynda ýylyň ýylyna täze mekdepdir çagalar baglarynyň sany barha artyp, olaryň gözel görnüşi görenleriň kalplarynda buýsanç duýgylaryny oýarýar. Täze mekdepdir çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini öwretmek üçin uly mümkinçilikler bolup, lingofon otaglary we multimediýa tagtalarda okatmagyň interaktiw usullaryndan işjeň peýdalanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun!
Şemşat TAÝTANOWA,
Ruhubelent etrabynyň 1-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi,
Türkmenistanyň Magtymgulyadyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.