Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebinde ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda «Bilimli ýaşlar – Watan guwanjy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onuň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara döwlet, iş saparlarynyň möhüm ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli amala aşyrýan her bir tutumly işleriniň halkymyzyň bähbidi üçin durmuşa ornaşdyrylýandygy barada uly buýsanç bilen bellediler.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar, halkymyzyň bähbidi üçin dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýeňişmyrat NEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.












