Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň Merkezi kitaphanasynda «Kitap okaýan dünýäni görer»atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäre «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýaşlarynyň işjeňligini artdyrmak, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlara hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Bilim we ylym dünýäsine giň aralaşmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gözel KÜŞMEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.












