Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy hem-de hasyl toýy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň Türkmeniň ak öýi binasynda «Döwletli tutumlaryň gözbaşy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýeti barada hem-de her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän hasyl toýynyň Daşoguz welaýatynda hem uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi öňdebaryjy ýaş mehanizatorlary we ýygymçylaryň arasynda bäsleşik geçirilip Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýandygy barada bellediler.
Söhbetdeşlik çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ähli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Kakabaý DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












