GIŇ MÜMKINÇILIKLERIŇ GURŞAWY

Ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerine we üstünliklerine işjeň goşulyşyp, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň diňe bir okuw pursatlary däl, ömür pursatlary many-mazmuna, ajaýyplyga beslenýär. Olar boş wagtlaryny kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, sport toplumlarda geçirýärler. Munuň üçin bolsa Arkadagly Serdarymyz bimöçber aladalar edip, zerur bolup durýan ähli mümkinçilikleri döredýär. Kitaphana hyzmatlarynyň döwrebaplaşmagy, ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, saglygy berkitmekde sport toplumlarynyň amatlylygy, teatrlarda döwrümiziň waspyny belende ýetirýän we ýaşlarda döwür buýsanjyny oýarýan sahna oýunlarynyň yzygiderli goýulmagy- bularyň ählisi ýaşlar dogrusynda edilýän aladalardan nyşandyr.

Sahnada döwrümiziň häzirki zaman ösüşleri we durmuşy janlanýar. Bu sazlaşyk bolsa ýaşlarymyzy teatra barha ýakynlaşdyrýar. Asylam, sungat ynsany özüne jadylap, maýyl edýär. Ol ýüreklerde diňe mähir-muhabbeti oýarýar. Bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän sahna oýunlar hem onuň tomaşaçylarynda ajaýyp täsir galdyryp, ýakymly ýatlamalary bagyş edýär. Ýaşlarda bolsa döwre bolan buýsanjy artdyrýar. Kitaphanalarymyzy alsak, bu ýerde okamak we ylym bilen meşgul bolmak üçin ähli şertler bar. Şonuň üçin bolsa gerek, ýaşlar häli-şindi kitaphanalarda bolýarlar. Saglygy berkitmek ertirki gün sagdyn ýaşamaga ýardam berýän bolsa, bu babatda hem döwrebap sport toplumlary ýaşlaryň hyzmatynda. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri, ýaşlar döwrebap umumy ýaşaýyş jaýlarynda bagtyýar we şadyýan ýaşaýarlar. Bu ýerde ähli amatlyklar üpjün edilendir.

Ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaşlaryň hoşallyklary çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY