EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DÜNÝÄNIŇ ABADANÇYLYGY

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde oba-şäherlerimiz gülzarlyga öwrülýär.

Häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa öz gezeginde halkyň jan saglygy üçin möhümdir. Şeýle asylly ýörelgeleri amala aşyrmak üçin ilkinji nobatda ýaş nesillerde ekologik terbiýäni güýçlendirmek zerur.Şonuň üçin bolsa gerek degişli ýokary, orta we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlara ekologiýa baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmak, zerur bilimleri özleşdirmek maksady bilen ekologik bilimler we älem giňişliginiň maglumatlary berilýär.

Dünýä derejesinde möhüm ugur bolup durýan ekologiýanyň goralmagy ugrunda döwletimizde durmuşa geçirilýän tutumly işler adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin amatly şertleri döretmekde möhüm şert bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir. Tebigatyň janlanyp, gözelleşip, täze bir pasylyň girip gelýän aýynda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmeginiň asylly däbe öwrülmegi hem bu babatda anyk we netijeli ädimleriň biridir. Ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşjak baglar geljekde adamlar üçin ajaýyp durmuş gurşawyna emele getirer. Ekologiýa abadançylygy we goraglylygy üpjün ediler. Şeýle ýagşy ýörelgeler şu günki gün döwlet derejesinde giň gerim alyp, halkymyzy asylly işiň başyna jemleýär. Bu bolsa agzybirlikden nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşa ýaşamagy üçin uly özgertmeler amala aşyrylýan döwründe ekologiýa abadançylygynyň gazanylmagynyň özi bu asylly çärelere özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Döwletimizde tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeýär. Her ýyl saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Köpçülikleýin bag ekmek ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelge ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda we etraplarda döredilýän tokaý zolaklary şol künjekleri diňe bir tebigy taýdan gözelleşdirmän, eýsem amatly howa ýagdaýyny hem döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylyga, dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine goşýan saldamly goşandydyr.

Tebigy täsinlikleri goramak, daşky gurşawyň arassalygyny saklamak we tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

 

Kuwwat ESENOW,

Ruhubelent etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY