BELENT YNAMA YGRARLYLYK

Ýaşlar täze taryhy eýýamyň hereketlendiriji güýjidir. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde durýar.Akyldarlaryň biri: «Maňa ýaşlaryňyzy görkeziň, geljegiňiziň nähili boljakdygyny aýdaýyn!» diýipdir. Haýsydyr bir döwletiň geljekki ösüşini seljerjek bolsaň, ol ýurduň ylym-bilim ulgamyna berýän ünsüni, döredilýän şertleri we şolaryň ählisiniň ýaşlary bilen uýgunlaşygyny göräýmeli. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ynsan üçin belent zat ynamdyr. Adamlaryň arasyndaky bir-birine bolan hormat, sylag, sarpa ynamdan başlanýar. Arkadagly Serdarymyz hem biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşan döwründe Watanyň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanmak, ile-güne peýdaly iş edip, durmuşda öz ornuny tapyp ýurduň ösmegine, goşandyňy goşup, onuň hözirini görmek bagtyýarlygyň, ynama wepalylygyň nyşanydyr. Ine, şeýle bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi döredijilikli zähmet çekýärler, Watanyň ösüşlerine mynasyp nesiller hökmünde goşant goşýarlar.

Ýaşlar çäksiz ummandyr. Çünki ýaşlaryň zähmeti, ylhamy, güýji-kuwwaty, has-da Watana bolan söýgüsi çäksizdir, soňsuzdyr. Şunuň ýaly gujurly, zehinli, hyjuwly ýaşlary bir supra jemlemek, olaryň buýsançly pikirlerini diňlemek, geljegiň berk binýadynyň kemala gelýändigini görmek megerem bagt bolsa gerek. Şeýle bagtly pursatlary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ” taryhy senesi bolan 28-nji ýanwarynda geçirilen ýaşlar toýunda- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda bütin aýdyňlygy bilen görmek mümkin. Gurultaýyň çäklerinde iň öňdebaryjy ýaşlara Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlarynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyryp, ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy artygy bilen ödemäge borçlandyrdy. Gurultaýyň yzysüre geçirilen ýaş sungat ussatlaryň döwlet konsertini synlanyňda göz öňüňde ýaňy dogup gelýän Gün mysaly döwletimiziň medeniýetiniň we sungatynyň geljeginiň has-da parlak bolup dogjakdygyna buýsanjyň artýar. Olaryň uly sahna erk edip, ussatlyk bilen çykyş etmekleri, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary, halypa sungat ussatlarynyň olary mähir bilen syn edip tomaşa etmeklerini synlamak lezzeti has-da başgaça bolýar. Halypa bagşylaryň ýüzlerindäki nurana keşbinde sungatymyzyň parlak geljegini görýäris.

Konserti jemlän türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine ýaňlanan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyň joşgunly ýerine ýetirilmegi ýaşlar we döwletiň arasynda mizemez köprüniň birleşýän mysaly göwünleri ganatlandyryp, şatlyk-şowhunyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Ýylymyzyň şygary döwrümiziň heňi, aýdymydyr. Watan ýaşlar bilen öne barýar. Ýaslar bolsa, Arkadagly Serdarymyz bilen öňe barýar. Şeýle sazlaşygy şöhratly ýylymyzyň adynda hem görmek mümkin. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Arkadagly Serdarymyz wezipä girişmek dabarasynda ýaşlar syýasatynyň ösdürmäge uly üns berjekdigini mälim eden pursadyndan ýurdumyzda ýaşlara giň ýol açylýar. Ýaşlar syýasatyna döwletimiziň strategik ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Ine bu günki gün belent maksatlaryň we wezipeleriň bosagadan ätlän taryhy ýylymyzyň adynda berkidilmegi bolsa onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrýar.

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem biz ýaşlary mundan beýläk-de her bir işde has-da mynasyp, jogapkärli zähmet çekmäge borçlandyrýar.

Biz Arkadagly Serdarymyzyň wepadar daýanjy bolup, watany, zähmeti, asuda durmuşy, eziz halkymyzy söýüp, belent ynamy ödemäge borçlanýarys.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY