Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň hakyky watançy, päk ahlakly, kämil bilimli bolup ýetişmekleri üçin hemişe alada edýär. Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, ýaşlarda milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, baý medeni mirasymyza çäksiz söýgüni kemala getirmekde, olaryň sarpalanmagyny we gorap saklanylmagyny gazanmakda rowaç ädimler ädilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda berkarar ýurdumyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Ajaýyp ýylymyzyň şygarynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Çünki ýaşlar – biziň şu günümiz, geljegimiz. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, durmuşymyz gülleýär, gül açýar.
Ýaşlar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy bolsa, milli ykdysadyýetimizi döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde eziz Diýarymyzyň ajaýyp geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýik tutumlar bagtyýar halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamyňy artdyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň: “Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratyny eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirýärler. Bu ugurda ýaşlaryň tutanýerli işlemekleri üçin döwletimizde ähli ýeňilliklerdir mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi bolsa türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny goşalandyryp, berkarar Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy ödemäge borçlandyrýar. Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.