TÜRKMENISTANDA ÝAZKY BAG EKMEK MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI

Şu gün eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.

Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr.

Şeýle-de, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina bolan Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.