Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Nowruz iň gadymy baýramlaryň biri bolup, asyrlaryň dowamynda dünýäniň köp halklarynyň kalbynda we hakydasynda ýaşaýar, türkmen halkynyň durmuşynda hem myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, belent ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar, Ýer ýüzünde dostluk gatnaşyklaryna we özara ylalaşyga çagyrýar. Milli bahar baýramynyň giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler – birnäçe bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary, dürli sport ýaryşlary geçirilýär, sergiler guralýar.
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi we Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Kerki etrap häkimliginiň tehniki hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň, Kerki etrap döwlet arhiwiniň işgärleriniň gatnaşmagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz milli bahar baýramy” atly wagtlaýyn sergä tomaşa etmek maksady bilen “Nowruz tebigatyň hem köňülleriň baýramy” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap döwlet arhiwiniň hünärmeni E.Kamalow dagylar çykyş etdiler.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.