TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi, Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň raýatlary pasportlaşdyrmak we hasaba alyş bölümçesi bilen bilelikde 16 ýaşa ýeten ýaş raýatlara pasportlaryny gowşurmak dabarasyny geçirdi. Çärä Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan 16 ýaşyny dolduryp, pasportyny alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
Çärede pederlerimiziň pentleriniň durşy bilen pähim-paýhasa, terbiýä ýugrulandygy, ene süýdi ýaly päk terbiýe alan ýaşlarymyzyň Watanymyzyň geljegidigi nygtaldy. Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz özüniň geljegini ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aýdyň ýoly bilen belentliklerden-belentliklere barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmeniň milli mirasyny, milli el işleri we senetçilik bilen meşgullanmak barada berýän tabşyryklary çäräniň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Çykyş edenler ýaşlara gutlag sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimiziň ösüşinde ruhy we beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmegiň esaslaryny goýmakda gazanylan uly üstünlikler hakynda guwanç bilen gürrüň edilip, mähriban Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi. Çäräniň ahyrynda TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sapaýewa ANANÝAZ,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.