Bilimli nesli kemala getirmek döwrüň talaby. Bilimli nesil ýurduň röwşen geljeginiň binýady. Sagdyn nesil bolsa, ýurduň kuwwaty. Olaryň arabaglanyşygy bolsa, ýurdy uly ösüşlere alyp barýar. Bedew badynda okgunly ösýän Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy beýan edýän asylly başlangyçlar bilen tanalýan bolsa, bilimde we sportda gazanýan üstünlikleri bilen hem kuwwatly döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň abraýy barha belende galýar.
Döwlet syýasatynda bilim we sport aýratyn orunda durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz bimöçber uly aladalar edip, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýar. Bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, bilim bermegiň 12 ýyllyk ulgamyna geçilmegi, şeýle-de, usulyýetiň kämilleşdirilmegi alnyp barylýan özgertmeleriň esasy bölegini düzýär. Sport hem şu nukdaýnazardan ösüşiň täze belentliklerine tarap batly depginde rowaçlanýar. Halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýraklary orunlara mynasyp bolýan türgenleriň sany barha artýar. Ýeňiş serpaýly türgenleriň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa, bizi aýratyn buýsandyrýar. Ýaşlaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri, döwrebap şertlerde bilim-terbiýe, tälim almagy üçin bimöçber aladalaryň hut bilimi we sporty ösdürmek baradaky döwletimiziň edýän tagallary bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, ýaşlar syýasatynda bilime we sporta möhüm orun degişlidir.
Bilim-ösüş diýlen düşünjäni bilimiň innowasiýa bilen arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan düşündirmek isleýän. Ýaşlar bu günki gün öňdebaryjy tehnologiýalary, maglumat tilsimatlaryny, kompýuterleri oňat özleşdirýärler hem-de özleriniň bilim dünýäsini baýlaşdyrmaga ymtylýarlar. Sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, bu ugurda mümkinçiliklere giň ýol açylýar. Okatmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýaş nesliň döwrebap okap, bilim almagynda we gözýetimini giňeltmekde ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Ine, ösüşiň hikmeti. Sport tizligini bedew bady bilen utgaşdyrmak mümkin. Sebäbi ýurdumyz gysga taryhy döwrüň içinde sport ýaryşlaryna taýýarlanyp, halkara derejesinde üstünlige ýetýän döwlet bolmak bilen çäklenmän, eýsem halkara ýaryşlary özünde geçirmegi başarýan öňdebaryjy döwlete öwrüldi. Sport ýaryşlaryny we dabaralaryny guramagyň özboluşly türkmen tejribesi kemala geldi. Muňa Aziada – 2017 oýunlarynyň, agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, awtoralli ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Ine, sportuň tizligi. Häzirki döwürde bilim, sport, innowasiýa biri-biri bilen aýakdaş barýar. Munuň özi, dünýäniň ösen jemgyýetine işjeň goşulyşýan we özboluşly tejribe artdyrýan döwlet üçin biri-birinden üzňe bolup bilmejek arabaglanyşygy ösdürmek ileri tutulýan strategiýa öwrülýär. Ösüşiň üç ugry hem maglumatlar eýýamynda häzirki döwrüň möhüm talabydyr.
Ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, ähli ugurlar babatda galkyndyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleri, maksatnamalary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin !
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygy.