Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog-parahatçylygyň kepili” diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi. Etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahat duşuşygynda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly başlangyjyň goldanylyp, onuň netijesinde, “2023-nji ýyl-Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ählumumy parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligidir. Türkmenistan döwletimiziň parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan döwründe ýurdumyzyň halkara giňişliginde barha abraýynyň ýokarlanmagy, hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň geriminiň giňeldilmegi ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler.
Şirinnabat SARJAGULOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.