«ARKADAG SERDARLY ZEHINLI ÝAŞLAR» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY

BALKAN WELAÝAT BAŞ BILIM MÜDIRLIGINIŇ, TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BALKAN WELAÝAT GEŇEŞI BILEN BILELIKDE BALKAN WELAÝATYNYŇ UMUMYBILIM BERÝÄN ORTA MEKDEPLERINIŇ 11-NJI SYNP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRÝÄN «ARKADAG SERDARLY ZEHINLI ÝAŞLAR» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ

DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilip, eziz Watanymyzy ösdürmekde we mähriban halkymyza wepaly bolup, joşgunly zähmet çekmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär, olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň hem güýçli depginde ösmegi okuwçylarymyzyň döwür bilen aýakdaş gitmegine, häzirki zaman ýokary hilli Sanly hyzmatlardan oňat baş çykarmaga, alýan bilimlerini we maglumatlaryň giň gerimini seljermäge şert döredýär. Döredilýän bimöçber şertleri nazara alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, Sanly bilim ulgamyny ösdürmek we onuň hyzmatlaryndan peýdalanmakda mümkinçilik açmak maksady bilen «Arkadag Serdarly zehinli ýaşlar» atly bäsleşik geçirilýär.

«Arkadag Serdarly zehinli ýaşlar» ady bilen geçiriljek bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda başarnyklaryny görkezmegi, geljekde ilimize we ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, ösüp gelýän ýaş nesliň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmakdan, olaryň tebigy, takyk we ynsanperwerlik-durmuş bilimleri babatda ele alan başarnyklaryny kämilleşdirmekden, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, ýaşlaryň bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.

 

I. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIŞ TERTIBI:

Şu bäsleşik 2 tapgyrda bolup, onuň 1-nji tapgyry zehin soraglary, 2-nji tapgyry bolsa tebigy bilimler, takyk bilimler we ynsanperwer-durmuş bilimleri ugurlary boýunça aýratynlykda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmaga Balkan welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň her birinden ýokarda ady görkezilen her ugur boýunça diňe 1 (bir) zehinli okuwça (her mekdepden tebigy bilimler boýunça 1, takyk bilimler boýunça 1, ynsanperwerlik-durmuş bilimler boýunça 1, jemi 3 okuwça) gatnaşmak rugsat edilýär.

Bäsleşigiň deslapky tapgyrlary welaýatymyzyň etraplarynda (şäherlerde) geçirilýär. Bäsleşigiň welaýatymyzyň etrap we şäher tapgyrynda geçirilen tapgyrynda her ugur boýunça diňe 1-nji orun eýelän mekdep okuwçysy welaýatymyzda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Bäsleşik aşakdaky tertipde iki tapgyrda geçirilýär:

— birinji tapgyr etrap-şäherlerde 2023-nji ýylyň 21-30-njy apreli aralygynda geçirilip, bu tapgyra umumybilim berýän orta mekdeplerinden her ugur boýunça (tebigy bilimler ugry boýunça 1, takyk bilimler ugry boýunça 1, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugry boýunça 1) tebigy zehini bilen tapawutlanýan bir sany (jemi 3 sany) mekdep okuwçysy gatnaşar.

— ikinji tapgyr welaýatymyzyň merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan 7-nji maýy aralygynda welaýatymyzyň şäherlerinde we etraplarynda her ugur boýunça (tebigy bilimler ugry boýunça 1, takyk bilimler ugry boýunça 1, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugry boýunça 1) 1-nji orny eýelän okuwçylaryň arasynda geçiriler.

 

II. BÄSLEŞIGE GEREKLI RESMINAMALAR:

— okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;

— okaýan mekdebinden kepilnama.

 

III. BÄSLEŞIGIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI

Bäsleşige gatnaşýanlaryň sargytnamalary mekdep müdiri tarapyndan tassyklanyp, 2023-nji ýylyň 10–njy apreline çenli Balkanabat şäherinden gatnaşjaklar Balkan welaýat Baş müdirligi tarapyndan, beýleki etrap, şäherlerden gatnaşjaklar etrap, şäher bilim bölümleri tarapyndan hasaba alynýar.

Bäsleşigiň geçirilişini seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hünärmenlerinden wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär we olaryň karary gutarnyklydyr.

Seljeriş toparyň düzümine welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlary çekmäge rugsat berilmeýär.

Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde okuwçynyň gatnaşmadyk ýa-da gijä galan ýagdaýynda, ol bäsleşigiň sanawyndan aýrylýar we gatnaşmak hukugyny ýitirýär.

 

IV. BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI:

  1. Bäsleşigiň şertine görä, okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary hödürlenen okuw kitaplaryndan hem-de bäsleşigi geçirýän edaralaryň hünärmenleri tarapyndan Sanly ulgamda taýýarlanan test görnüşli soraglary çözerler.
  2. Bäsleşige her ugur boýunça gatnaşyjylar ilki zehin soraglaryny, soňra öz gatnaşýan ugurlaryna degişli soraglary çözerler.
  3. Bäsleşikde maglumat binýadynda 1000-den gowurak test soraglary çözmek üçin okuwçylara 45 minut wagt berilýär.
  4.  Eger-de baýrakly orunlara dalaş edýän okuwçylaryň toplan utuklary deň bolan ýagdaýynda, olaryň arasynda bäsleşik 10 minudyň içinde ýokardaky tertip boýunça täze geçiriler we ýeňijiler kesgitlener.

Bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän, şeýle hem tapawutlanan mekdep okuwçylary Balkan welaýat Baş bilim müdirligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanar.

Öňki makala

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR