ZEÝTUN BALDAGY — ÜSTÜNLIGIŇ NYŞANY

Zeýtun agajy taryhyň irki döwürlerinden adamzadyň aňynda mukaddesligiň, umydyň, ylalaşygyň, ýaşaýşyň, dowamatyň, berekediň, adalatyň we saglygyň nyşany hökmünde yz   goýupdyr. Rowaýatlarda zeýtun, zeýtun agajy we zeýtun ýagy mukaddes hasaplanypdyr. Şeýle hem ol gadymy döwürde adam saglygy bilen baglanyşykly ýazylan kitaplaryň iň köp salgy beren derman serişdesidir. Onuň baldagy hem, berekediň alamaty hökmünde, şol döwrede degişli pul birlikleriniň ýüzünde ýerleşdirilipdir. Gymmatyny aňlatmak üçin zeýtun ýagyna “suwuk altyn” diýlipdir. Zeýtun gadymy Gresiýada päkligi alamatlandyrypdyr. Ol şol derejede mukaddes hasaplanyp, bu miwäni ýygmak diňe akylly, asylly gyzlara ynanylypdyr. Gadymy grek ynanç ulgamynyň oňa beren roly päkligi sahnalaşdyrmakdyr. şol sebäpli hem Athena ilkinji zeýtun agajyny gögerden zenandyr. Gadymy Gresiýada zeýtun agajyna berilýän ähmiýet kanunlaryň üsti bilen hem berkidilipdir. Antik döwrüň beýik ýedi danasynyň biri hasaplanýan atinaly döwlet işgäri Solonyň kanunyna görä, zeýtun agajyny kesenler jezalandyrylypdyr. Lukmançylyk ylmynyň nyşanyndaky goşa ýylanly hasa hem zeýtun şahasydyr. Irki döwürde geçirilýän olimpiadalarda we göreşlerde gahrymanlyk görkezip, ýeňiş gazanan türgenlere diňe zeýtun agajyndan örülen çemenler sowgat berlipdir. Olaryň başlaryna zeýtun şahajygyndan täç geýdirilip, içi zeýtun ýagyndan doldurylan amfora sowgat edilipdir. Aslynda, zeýtun agajynyň bir müň ýyla çenli ýaşap bilýändigi aýdylypdyr. Geçirilen käbir barlaglarda iki müň ýyl ýaşan zeýtun agaçlary hem tapylypdyr. Bu agajyň şeýle uzak ýaşamagynyň esasy sebäpleriniň biri ýapraklaryndaky oleuropein maddasydygy aýdylýar. Bu madda zeýtunyň we zeýtun agajynyň goranmagynda täsirlidir. Şeýle hem bu agaç ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp oturýar. Köplenç ýagdaýda, ýapraklary dökülmeýär, dökülen ýapraklaryň ýerine bolsa täze ýapraklar çykýar. Şol bir wagtyň özünde, zeýtun dermandyr. Ýürek we damar kesellerine peýdalydyr. Täze döremeleriň öňüni almakdada onuň peýdasy uludyr. Bu miwäniň ýene bir aýratynlygy howadaky hapalardan goraýanlygydyr. Bu babatda her gün bir çaý çemçe zeýtun ýagyny içmegiň diýseň peýdalydygy aýdylýar. Zeýtun miwesiniň we ýagynyň adam bedeniniň garramagyny haýallaşdyrýandygy hem nygtalýar. Iýmitlenmekde, derman ýasamakda we gözellik serişdesi hökmünde giňden ulanylýan zeýtun agajy üstünligiň mysalydyr, baldagy ylalaşygyň nyşany, ýagy bolsa päkligiň we sadalygyň alamatydyr.

Ösümligiň togalak süýnmek şekilli, eti agymtyl reňkli, iri şänikli, agramy 4,5-5 gram aralykdaky miwesi bolýar. Onuň gabygy gara reňkli we üsti gorag gatlagy bilen örtülen. Miwesiniň etiniň miwe agramyna gatnaşygy 80-83% deň bolup, ýyl aşa hasyl berýär. Onuň miweleri doly ýetişenden soňra el bilen ýa-da şahalaryny silkmek usulynda  ýygylýar. Zeýtunyň 10 ýaşly agajynyň bir düýbünden 10-23 kilogram miwe alyp bolýar. Onuň ösüş döwri 225-230 gün hasaplanýar.

Beýleki sortyň miweleri ýaly bu görnüşe degişli zeýtun hem düzüminde ýagy, belogy, şekeri we witaminleri (B,С,P) köp saklaýar. Ol oňat hilli zeýtun ýagyny berýänligi üçin gymmatlydyr. Maňzy 20-25 (60) % ýag saklaýar. Zeýtun ýagy önümçilikde iýmitlik we lukmançylyk maksatlary üçin giňden peýdalanylýar. Beýleki ösümlik ýaglary bilen deňeşdirilende zeýtun ýagy adam bedeninde doly diýen ýaly (98%) özleşýär. Mundan başga-da bagryň we beýleki iýmit siňdiriş agzalaryň işlemegine oňaýly täsir edýär. Onuň gök, ala-gök we bişen miwelerinden ýokumlylygy ýokary bolan duzly, şerbetli iýmitler taýýarlanylýar. Zeýtun agajynyň miwesiniň iýmit hökmünde hem-de saglygy goramakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR