Ene, zenan hakda söhbet edilende ählimizi bir suprada jemläp, kemala getiren ejemiz kalbymyza dolýar. Ejelerimiziň mylaýym, mahmal sesi, sada keşbi hemişe göz öňüňde owadan heýkel bolup, nazary bilen seni uzak bagtly ýollara alyp gidiberýän ýalydyr. Ojakdaky agzybirligi türkmen zenanyna mahsus bolan edermenligi, wepalylygy, asyllylygy, edepliligi, ary-namysy, perzentlerine bolan bimöçber söýgüsi bilen goýan ene bakylygy bilen biziň ýollarymyzyň şamçyragydyr, kalbymyzyň törüniň göz-guwanjydyr. Türkmen zenany islendik ýagdaýdan dogry baş alyp çykmagy başarýandyr. Dünýäde maşgala ojagy ýaly yssy mähirden doly giňişlik ýokdur. Onuň sowugam bardyr, ýylysam. Nähili sowugam bolsa, ol seni doňduryp bilmez.Sebäbi gürsüldäp urýan ýürek, ýüregi ýyladýan maşgala ojagy bardyr. Ojaga wepaly bolmak ähli ynsan üçin uly borç bolup durýar. Ädimli ýodalaryň ýola, ýollaryň öz maşgala ojagynyň ýylysyna, bereketli saçagyň daşyna jemlenmegi buýsançlydyr. “Ojak eýesi” diýip hormatlanylýan, sylanýan mährem enelerimizdir.Ojagyň ýüki, aladasy, hysyrdysy-bularyň bary enäniň gerdenindedir. Enäniň ak süýdi, gijelerine ýatman aýdýan hüwdileri, onuň çagasyna bolan hamraklygy, kiçijikkäň: “Maňlaýyň açyk bolsun” diýip, maňlaýyňdan öpeni, “Ýykylaýma” diýip, eliňden tutany, “Gorkmasyn” diýip, ýanyňda ýatany, taplanmagyny gazanmak maksady bilen ownuk-uşak ýumuşlar buýran bolmagy-bularyň ählisi ynsanyň kalbyna, beýnisine ýazylan mukaddeslikdir. Türkmen zenanynyň abraýy, mertebesi, hormat-sylagy uly, oňa halk tarapyndan, döwlet tarapyndan goýulýan sarpa belentdir. Biziň türkmen halkymyzyň milliligi, ruhy-ahlak gymmatlyklary nusgalykdyr. Eneli ojakdan alaw alan sap arassa terbiýäniň maşgalada, jemgyýetde, Watanda uly ähmiýeti bardyr. Bir tarapdan, türkmen maşgala terbiýesi wajyplyga öwrülse, ikinji bir tarapdan, ondaky endikler, edim-gylymlar, urp-adatlar, däp-dessurlaryň bitewi şekili kämillige iterýän wajyplyklardyr.
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.