Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ak ýollaryndan röwşen geljegine mizemez ynam bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, olaryň göwnejaý ösüp ulalmaklary babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi döwrebap bilimli, ylymly, hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, her bir işe döredijilikli çemeleşmegi başarýan, türkmen halkynyň asyrlaryň kämillik mekdebini geçen milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, halal zähmeti ykbalynyň mazmuny saýýan, watansöýüji, ruhubelent, geljege ynamly garaýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe baş maksady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän, ylmy esaslandyrmalara hem-de anyk mümkinçiliklere daýanýan giň gerimli özgertmeleriniň düýp özeninde şeýle asylly maksada ýetmekdäki tagallalaryň durmagy biz — ýaşlary diýseň buýsandyrýar. Eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan iri möçberli, uzakmöhletleýin taslamalar merdana halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Arkadagly Serdarymyzyň: “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr” diýen çuň mazmunly sözlerinden ugur alyp, Watanymyza, mähriban halkymyza Arkadagly Serdarymyza wepaly ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, häzirkizaman ýokary hilli Sanly hyzmatlardan baş çykarýan, beden we ruhy taýdan sagdyn öňdebaryjy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, hem-de ýiti zehinli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde, Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebinde, “Türkmennebit” DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Watany gülledýär bagtyýar ýaşlar” atly bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşikde talyp ýaşlar kanunçylyk, sanly ykdysadyýet, iňlis dili, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy şeýle-de ekologiýa ugurlary boýunça bäsleşdiler.
Netijede, kanunçylyk ugry boýunça geçirilen bäsleşikde 1-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Rahym Bazaganow, 2-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Dünýägözel Gulesenowa, Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýnur Täçgulyýewa 3-nji orna mynasyp boldylar.
Sanly ykdysadyýet ugry boýunça 1-nji orna Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ogulsuraý Şyhmämmedowa, 2-nji orna Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Aýnur Toýmyradowa, Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Şemşat Bozaganowa 3-nji orna mynasyp boldylar.
Iňlis dili ugry boýunça 1-nji orna Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Meretsoltan Altyýewa, 2-nji orna Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Şirin Kömekowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Ismaýyl Atamämmedow 3-nji orna mynasyp boldylar.
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça 1-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gülüstan Gulanowa, 2-nji orna Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülnara Sapaýewa, Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Resul Mämmetnurow 3-nji orna mynasyp boldylar.
Şeýle, hem ekologiýa ugry boýunça 1-nji orna Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Arslan Garmämmedow, 2-nji orna Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Ogulşat Gurbanowa, Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýjahan Tuwakowa 3-nji orna mynasyp boldylar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.