ÝAŞ NESLIŇ ALADASY-BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky alada geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanşykly hem-de asylly maýa goýumydyr. Şol bir wagtda hem Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar.Ýurdumyzyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky köptaraply aladalaryň naýbaşy orunda goýulmagynyň çuňňur many-mazmuny şeýle mizemez hakykatda aýdyň ýüze çykýar.Şonuň üçinem ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza ,nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli ,watansöýüji, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde durýar.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” “Türkmenistanyň Kanuny,şeýle-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy “ ýaşlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmekde ,döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde berk binýat bolup durýar.

Berkarar Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ,milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda,olara döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda ,sanly ykdysadyýete geçmekde ýetilýän sepgitleriň ýaş nesillerimiziň hemişelik iş orunlary bilen üpjünçiliginde wajyp ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Bilşimiz ýaly,soňky ýyllaryň dowamynda sebitde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, ”Garabogazkarbamid” zawody , Gyýanlydaky polimer zawody Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary arkaly il hyzmatyna berildi.Bu iri möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bagtyýar raýatlarymyz aýratyn-da ýaş nesillerimiz üçin mydamalyk iş orunlarynyň müňlerçesi döredildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak ,onuň gazananlaryny baýlaşdyrmak ,hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirmek ,ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny yzygiderli artdyryp, syýasy durnuklylygyny berkitmek,halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak babatda amala aşyrylýan oýlanşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde hormatly Prezidentimiz biz- ýaşlara aýratyn uly ynam bildirýär.Arkadagly Serdarymyzyň:”Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen çuň mazmunly sözleri muny aýdyň görkezýär.Bildirilýän şeýle beýik ynamy ödemek ,oňa mynasyp jogap bermek bagtyýar ýaşlarymyzyň hemişelik baş maksadydyr,gündelik durmuşlarynyň mizemez ýörelgesidir.Bu buýsançly hakykat ýaşlarymyzyň netijeli ylym-bilim almakdaky, hünär edinmekdäki, döredijilikli zähmet çekmekdäki ,sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip ,sportuň dürli görnüşleri boýunça täze belentliklere çykmakdaky tagallalarynda mynasyp beýanyny tapýar.

Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ,ylym öwrenmegi , saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmagy, öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallygymyz egsilmezdir!

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR