Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde giň gerimli işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyna gözli şaýatlyk edýäris. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheri hemişelik Bitaraplygyň üstünliklerini görkezýän, ýurdumyzyň esasy medeni, ylmy merkezine öwrülýär. Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň halkara ölçeglere laýyk gelmeginiň şäher ilatynyň sanyny artdyrmakda, ony geljekde depginli ösdürmekde, çäklerini giňeltmekde, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmekde ähmiýetlidigine uly üns çekilýär. Geçmişine uly sarpa goýýan halkymyz täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň, görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmekde, nesillerdir döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, şu günki we geljekki nesillerde milli guwanç duýgusyny döretmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirilýär. Munuň özi Watanymyzyň, milletimiziň mizemez bitewüligini görkezýär. Atlary ebedileşdirilen beýik şahsyýetleriň halka, mähriban Watanymyza bagyşlanan ömür ýollary ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Bu şäherde “akylly” tilsimatlar ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly häzirki döwrüň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlardygy bizi begendirýär. Häzirki arkadag şäherinde dürli maksatly desgalaryň 336-nyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde biz ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlarymyza zerur üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly bu şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet beriler. Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň biz ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji martda “Arkadag” şäheriniň ýolbaşçylaryny bellemek boýunça geçiren maslahatynda öňde goýulan wezipeleri giňden wagyz etmek we dabaralandyrmak maksady bilen TMÝG-niň Balkan welaýat, Balkanabat şäher Geňeşleri, Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” DK-niň şahamçasy bilen bilelikde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Arkadag şäheri – ýaşlaň şäheri” atly hoşallyk maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda biz ýaşlar uly ynam bildirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary barada edýän ýadawsyz aladasy we berýän goldawlaryna, olaryň işini kämilleşdirmekde döredýän ähli şertleri üçin köp sagbolsunlar aýdyldy. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, guramamyzyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys. Biz türkmen ýaşlary üçin taýsyz tagallalary edýän Mähriban Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.