Nesil terbiýesi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Nesilden- nesle geçip, şu günlere gelip ýeten baý mirasymyzda hem maşgala ojagynyň mukaddesligi, adamkärçilik bilen bagly “Maşgalam — baş galam”, “Ýagşy ogul il abraýy, Ýagşy gyz – öý”, “Ýagşy oguldan rehmet ýagar, ýaman oguldan — mähnet” ýaly nakyllardyr atalar sözleri mynasyp orun eýeleýär. Elbetde, ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize galdyran belent adamkärçilik kadalaryna, ahlak ýörelgelerine daýanyp, ynsanperwer, Watanyna, halkyna wepaly adamlar edip terbiýelemek döwrümiziň esasy wezipeleriniň biridir.
Her bir türkmen ojagynyň göz guwanjy hasaplanylýan gyz çagalary kiçijikliginden zähmete ugrukdyrmak, olara on barmagyň hünäri hasaplanýan keşde çekmek, gaýma gaýamak, haly-palas dokamak, köýnek tikmek, keçe etmek ýaly el işleriniň inçe syrlaryny öwredip, ökde hünärli edip ýetişdirmek pederlerimiziň “El hünäri il gezer”, “Adam eli — gyzyl gül” ýaly pentlerinde şöhlelenýär. Gyz maşgalanyň eli işli, süýji dilli, arassa kalply bolup ýetişmeginde ene-mamalarymyzyň irginsiz çeken zähmeti, görüm-göreldesi esasy orun eýeleýär.
Şu maksatdan ugur alyp Etrek etrap Bilim bölümi TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşi bilen bilelikde, Etrek etrap bilim bölüminiň mejlisler zalynda, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň we mekdep okuwçylaryň arasynda, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Maşgala mukaddesligini gorap saklalyň” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler maşgala mukaddesligi barada: “Maşgala bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgalada maşgala agzalary näçe agzybir bolsa, maşgalabaşynyň sözi söz ýerinde ýöreýän bolsa şol öýe döwletem geler, mertebede. Türkmençilikde “Bina bolmasa-binýat bolmaýar” diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy bilen, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk bolýar, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň keşbi gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň nusgasy bolup çykyş etse, enäniň keşbi mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelinem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa bagtam şol öýe hemişe gülip bakar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulylaryň sözi ýöreýän ýerde bolýandyr” diýip ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ulyny sylamak kiçä hormat goýmak, gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy hormatlamak ruhunda terbiýelemek maksady bilen birnäçe täsirli gürrüňleri berdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimizi gülledip ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.