Gadym döwürlerde bir sada daýhan ýaşapdyr. Onuň ýekeje ýabysy bar eken. Günlerde bir gün ol ýitirim bolupdyr. Goňşy-golamlar jemlenip, oňa duýgudaşlyk bildiripdirler: Naşyja sowgatlar
— Günemaňy ýeke şol ýaby bilen aýlaýardyň. O-da ýitirim bolaýdymy?..
Daýhan bolsa diňe:
— Her iş bolsun, bähbit bolsun — diýipdir.
Soň bir gün ýaby dolanyp gelipdir, özi-de ýeke gelmän, ýabany atlaryň hem giden sürüsini yzyna tirkäp getiripdir. Goňşy-golamlar daýhany gutlap başlapdyrlar.
Daýhan bolsa ýene-de:
— Her iş bolsun, bähbit bolsun — diýmek bilen çäklenipdir.
Biraz wagtdan soňra daýhanyň ogly ol atlaryň birine baş öwretjek bolup, ýykylyp, aýagyny döwdüripdir.
— Bolmandyr, emgek bolup geçsin — diýip, goňşular duýgudaşlyk bildiripdirler.
— Her iş bolsun, bähbit bolsun — diýip, daýhan ýene şol öňki jogabyny beripdir.
Bu wakadan birnäçe gün geçenden soň harbylar oba dökülipdirler-de, ýetişen ýigitleriň ählisini jemläp, söweşe alyp gidipdirler. Daýhanyň ogluny bolsa, aýagy döwük bolanlygy sebäpli, almandyrlar. Goňşularyň bary olaryň şatlygyny paýlaşmak üçin jemlenipdirler. Daýhan bolsa ýene şol öňki sözüni gaýtalapdyr:
— Her iş bolsun, bähbit bolsun.
NAŞYJA SOWGATLAR
TYMSAL.