ŞÖHRATLY GEÇMIŞIMIZE SYÝAHAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milleti öz çylşyrymly we täsin taryhy, arheologiýa ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, milli özboluşlylygy bilen beýleki halklardan düýpli tapawutlanýar.

Welaýatymyzyň çäginde örän ir döwürlerden bäri taryhyň şaýady bolup gelýän ýadygärlikler we aramgähler köp. Şolaryň biri hem Görogly etrabynda ýerleşýän “Yzmykşir” galasydyr. Bu gadymy galanyň şöhraty taryhy maglumatlara görä biziň eýýamymyzdan-da öňki döwürlerden başlanýar. Täsin binagärlik asyrlaryň, döwürleriň şatysyna çydaman, ýykylyp-ýumrulandygyna seretmezden, bu galanyň bize gelip ýeten belent diwarlarynyň galyndysy häzir hem uzakdan howalanyp görünýär. Golaýyna geleňde bolsa özüniň giňligi, diwarlarynyň belentligi bilen haýran galdyrýar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi ýaşlaryň taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni ýadygärliklere bolan buýsançlaryny artdyrmak, çuňňur düşünje bermek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän “Yzmykşir” galasynyň taryhy ýadygärligine gezelenç çäresini gurady. Bu gezelenje ýaşlar guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Gezelenç çäresiniň dowamynda etrabyň 46-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Nurmyrat Aramedow gezelenç çäresine gatnaşyjylara Yzmykşir galasy barada gyzykly maglumatlary, galanyň gülläp ösen döwri, şol döwürlerde ýerli ilatyň ýaşaýyş şertleri, şeýle hem bu ýerdre ýaşap geçen şahyr, dünýä medeniýetine uly goşant goşan belli alym Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdi. Bu medeni çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Olar geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenip, olaryň soňky nesiller üçin görelde alarlyk beýik işler bilen geçmiş taryhymyzda uly yz galdyrandyklaryna ýene bir gezek göz ýetirdiler. Gezelenç çäresine gatnaşyjylar taryhy gymmatlyklarymyza we milli mirasymyza belent sarpa goýup, geljekki nesillerimize wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY