YLYM HAKYNDA

“Ylymda şeýle ýokary derejä neneňsi ýetdiň?” diýip, bir ýola arap akyldaryndan sorapdyrlar. Şonda ol şeýle jogap beripdir: “Men bilmeýän zadymy soramakdan utanmadym”.

***

Taryh ylmy boýunça dünýä belli alymlaryň biri Mahmyt Kemala ýüzlenip:

- Sizdäki bilimiň ondan birine hem eýe bolmadyk ynsanlar size garanyňda has uly derejä ýetdiler. Munuň sebäbi nämekä?-diýip sorapdyrlar.

- Men bilmek üçin öwrendim, olar tanalmak üçin.

***

Bir akyldar şeýle diýipdir: “Ylym gulpdur, sorag onuň açarydyr”.

***

Platondan:

- Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň?-diýip sorapdyrlar. Onda ol:

- Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym-diýipdir.

 

Toplan Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar