Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlaýar. Milli ykdysadyýetimiziň dur nukly ösmegi durmuşa geçirilýän maksatlaýyn işleriň netijelidigini aýdyň beýan edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tutuş dünýäde ykdysady taýdan ösýän abadan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň saýlap alan ugrunyň röwşen geljege niýetlenendigini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň durnukly ösüşleri, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi maksatlaýyn işleriň amala aşyrylýandygydyr. Şunda ylymly, bilimli hünärmenleriň hem aýratyn ähmiýetini bellemelidiris. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä ülňülerine görä döwrebaplaşdyrmak maksady bilen sanly bilim ul gamy ösdürilýär. Ylmyň iň täze gazananlary, okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar.
Sanly ykdysadyýetiň ösüşi sanly we ykjam tehnologiýalar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan birnäçe bazar düzümleriniň kämilleşmegi bilen şertlendirilýär. Bulara onlaýn söwda, maliýe hyzmatlary, sanlylaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş hem-de döwlet hyzmatlary degişlidir. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşygyň işjeň durmuşa geçirilýändigini görmek bolýar. Indi müşderiler internet toruna birigip, göwün söýen harytlaryny islendik wagtda we islendik ýerden satyn alyp bilýär. Sanly ulgamyň kömegi arkaly söwda alyp barýan fiziki şahslardyr kärhanalar hem kärende tölegi we işgärlere hak tölemek ýaly ugurlarda çykdajylaryny azaldýar.
Sanly tehnologiýalaryň halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy diňe bir döwrüň talaby bolmak bilen çäklen män, eýsem, dünýäniň häzirki zaman ösüşine üstünlikli goşulyşmagyň aýrylmaz şertidir. Bilimli, kämil hünärmenleri döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet ýaşlar syýasatynyň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde sanly bilimiň ösdürilmegine, tehnologiýalara oňat düşünýän ýaşlaryň kemala gelmegine uly üns berilýär. Esasan hem şeýle hünärler boýunça ýörite okuwlar geçirilýär, ýaşlaryň bilim derejesi ýokarlandyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlary döwrebap derejede bilimli hem-de ylymly etmek, olary iş bilen üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Muňa tüýs ýürekden buýsanýan türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň beýik işlerinden ruhlanyp, döwrüň döwletli başlangyçlaryna mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.
Mugallymlar gazeti.27.03.2023ý.